“Mastercard” maliýe edarasynyň öňki başlygy Ajaý Banga Bütindünýä bankynyň başlygy bolar. Bu barada ABŞ-nyň maliýe ministri Janet Ýellen öz pikirini öňe sürdi diýip, “Financial Times” neşiri habar berdi.
Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysy wezipesine dalaşgärleri hödürlemek 29-njy martda tamamlandy, şol wagt diňe Ajaý Banganyň dalaşgärligi öňe saýlanýardy. Ony fewral aýynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hödürläpdi.
Bütindünýä bankynyň häzirki başlygy möhletinden bir ýyl öň işinden çekilmekçi bolýar. Soňky hepdelerde Ajaý Banganyň Bütindünýä bankynyň wezipesindäki işinde zerur bolan maglumatlary toplaýar diýip, “Financial Times” gazeti ýazýar.
63 ýaşly Banga Hindistanda doguldy, ýöne Amerikanyň raýatlygyna eýe. Fewral aýynda ABŞ-nyň maliýe ministrligi tarapyndan iýun aýynyň ahyryna çenli boş boljak Bütindünýä bankynyň başlyklygyna dalaşgärleriň sanawynyň gyssagly düzülýändigi habar berlipdi. Şunda dalaşgärleriň howa meseleleri boýunça garaýyşlary aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Bütindünýä bankyna adatça amerikaly ýolbaşçylyk edýär, sebäbi ABŞ bankyň iň uly paýdarydyr. Şeýle-de bolsa, indi bu ýazylmadyk düzgün we däp üýtgäp biljekdigi tassyklanýar.