Hy­ta­ýyň do­kuz kol­le­ji öz ta­lyp­la­ry­ny dynç alyş möw­sü­min­de öz­le­ri­ne jü­büt ta­pyp bil­mek­le­ri üçin ba­har dynç aly­şy­na ug­ra­dar. Bu çä­re ar­ka­ly hä­ki­mi­ýet­ler ýurt­da ça­ga dog­lu­şy­nyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. Bu ba­ra­da “In­si­der” por­ta­ly ha­bar ber­di.
-Ta­lyp­la­ryň te­bi­ga­ty, dur­mu­şy söý­me­gi, şeý­le-de söý­gü­den lez­zet al­ma­gy öw­ren­me­gi üçin ba­har dynç alyş ul­ga­my­ny ýo­la goý­ýa­rys – di­ýip, awia­si­ýa hü­när kol­le­ji­niň de­ka­ny­nyň orun­ba­sa­ry Liang Guo­hui aýt­dy.
“Okuw mek­de­bi­niň şä­her­çe­sin­den çy­kyň, te­bi­gat bi­len ýüz­be-ýüz bo­luň, ba­ha­ryň gö­zel­lik­le­ri­ni ýü­re­gi­ňiz bi­len du­ýuň!” diý­lip, okuw mek­de­bi­niň be­ýa­na­tyn­da ýaş­la­ra ça­gy­ryş edil­ýär.
Ta­lyp­la­ra dynç alyş­da gö­nük­me hem tab­şy­ryl­dy – ta­lyp­lar sy­ýa­hat gün­de­lik­le­ri­ni ýö­ret­me­li, se­net­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ly ýa-da baş­dan ge­çir­me­ler hak­da wi­deo­şe­kil­le­ri dü­şür­me­li.
Hy­taý­da­ky beý­le­ki gu­ra­ma­lar­dyr eda­ra­lar hem ça­ga dog­lu­şy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len öz tär­le­ri­ni oý­lap tap­ýar­lar. Kä­bir­le­ri hy­taý­ly ýaş jü­büt­le­re 30 gün “ni­ka rug­sa­dy­ny” ber­ýän bol­sa, beý­le­ki­le­ri şä­her­li gyz­la­ra oba­ly og­lan­lar bi­len gür­le­şip gör­me­gi tek­lip ed­ýär­ler.