Ýewropa Bileleşiginde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýy 2030-njy ýyla çenli ýokarlanmalydyr. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar hem-de Ýewropa Parlamenti arassa energiýa sarp edilişini 42,5%-e çenli artdyrmak we gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagyna gysyş görkezmek barada ylalaşyk gazandy. “Euronews” -yň habaryna görä, hökümetler isleseler bu görkezijini 45 göterime çenli ýokarlandyryp bilerler.
Bu maksatlara ýetmek üçin şertnama ýel we gün elektrik stansiýalary üçin zerur infrastrukturanyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak, şeýle hem suw elektrolizi arkaly “ýaşyl” wodorod öndürmek üçin proseduralary ýönekeýleşdirmegi göz öňünde tutýar. Bu karar boýunça parlamentiň dokladçysy Markus Piper bu ylalaşygy çeýe diýip atlandyrýar: -Indi biz döwletlere ýüzlenýäris: siziň gün panellerini ýa-da ýel fermalaryny gurmak haýyşyny tabşyrmak üçin 12 aý wagtyňyz bar. Bir ýyldan soň gün energiýasyny öndürmek üçin rugsat almasaňyz, awtomatiki usulda size berler. Muny “oňyn dymmak” diýip atlandyrýarys. Meniň pikirimçe, bu agza ýurtlarda ygtyýarnama amallaryny çaltlaşdyrmak üçin ajaýyp guraldyr.
Eger-de bu ylalaşyk gutarnykly görnüşde agza döwletler we Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklansa, kanuny güýje eýe bolar.