IDC reýting kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan soňky maglumatlara görä eplenýän ekranly telefonlaryň satuwy barha artýar. Häzire çenli “Samsung”, OPPO, “vivo”, “Motorola”, “Huawei”, “Xiaomi” ýaly kompaniýalar eplenýän ekranly telefonlaryny müşderilere ýetirdi. Geçirilen barlaglar şeýle telefonlaryň geljekde has artjakdygyny görkezýär. IDC-niň maglumatyna görä, 2027-nji ýylda satyljak telefonlaryň sany 48,1 milliona ýeter. Bu bolsa, eplenýän telefon satuwynyň adaty telefonlardan on esse köp artjakdygyny görkezýär. Şol ýyl telefon bazarynyň 3,5 göterimini eplenýän ekranlar smartfonlar emele getirer. Geçen ýyl bu görkeziji 1,2 göterim bolupdyr. Netijede, bäş ýylyň dowamynda eplenýän telefonlaryň satuwy 300 göterim ýokarlanypdyr. Maglumatlara görä, smartfon bazarynyň umumy bahasy 42 milliard dollara ýeter.
Bilermenler bu ýyl telefon bazarynyň has hem ösjekdigine garaşýarlar. Ýylyň dowamynda 21,4 million eplenýän ekranly telefonyň satylmagyna garaşylýar.
Alty Kulyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.