Mälim bolşy ýaly deňizdir ummanlarda näçe aşak gidildigiçe, basyş şonça-da artýar. Şeýle bolansoň, suwuň belli bir dereje aşagyna çümmek aňsat bolmaýar. Tokýo hem-de Günbatar Awstraliýa uniwersitetleriniň hünärmenleri deňziň iň çuň ýerinde balyk tutdular. Günüň düşmeýän çuňlugynda ýaşaýan balyk Ýuwaş ummandaky Izu-Ogasawara çöketliginde tutuldy. Hünärmenler balygy tutmak üçin 8 müň 22 metr çuňlukda duzak gurdular. Şeýlelikde, rekord çuňlukdaky balyk tutmak işi hasaba alyndy.
Şeýle hem hünärmenler 8 müň 336 metr çuňlukda ýüzýän balyklaryny ýazga aldylar. Bu ylmy barlaga gatnaşan professor Alan Jamýeson suwa çümdürilen kameralar bilen 10 sagat arabaglanyşygyň bolmandygyny, şol sebäpli nämäni ýazga alandyklaryny bilmändiklerini belläp, köp sanly deňiz jandarynyň ýokary hilli suratyny alandyklaryny aýdýar.
Iň çuň ýerde balyk tutmakdaky ozalky rekord hem Ýuwaş ummanyndaky Mariana çöketliginde hasaba alnypdyr. Täze rekord ozalkydan 158 metr çuňlukda amala aşyrylypdyr.