Mek­si­ka­nyň paý­tag­ty Mek­si­ko­da Iýil­ýän mör-mö­jek­le­riň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di. “Bicho­po­lis” gast­ro­no­mi­ýa fes­ti­wa­ly­nyň çä­gin­de mör-mö­jek­le­riň 37 gör­nü­şi da­dyp gör­mek is­le­ýän gat­na­şy­jy­la­ra hö­dür­len­di. Fes­ti­wa­ly gu­raý­jy­lar mör-mö­jek­le­riň pro­te­in, wi­ta­min we mi­ne­ral mad­da­lar ba­bat­da baý­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu iý­mit çeş­me­le­ri­niň daş­ky gur­şaw üçin has peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär.
1-3-ap­rel ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len fes­ti­wal mör-mö­jek­le­riň na­har me­de­ni­ýe­ti­niň bir bö­le­gi hök­mün­de ta­nyş­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Fes­ti­wal­da mek­si­ka we dün­ýä aş­ha­na­syn­dan mör-mö­jek­ler­den taý­ýar­la­nan dür­li ta­gam­lar hö­dür­len­di. Ola­ryň ara­syn­da çe­kirt­ge, iç­ýän, gur­çuk­lar we sa­çak­çy ýa­ly 37 mör-mö­jek bar.
Çä­rä­ni gu­raý­jy­lar mör-mö­jek­le­ri iý­mit hök­mün­de peý­da­lan­ma­gyň di­ňe daş­ky gur­şaw üçin däl, lez­zet­li we sag­dyn pro­te­in çeş­me­si­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu ýe­re ge­len­le­re mör-mö­jek­ler­den na­har taý­ýar­la­ma­gyň usul­la­ry hem gör­ke­zil­di.