ABŞ we Ka­na­da adam­za­dyň Aýa do­la­nyp bar­ma­gy üçin taý­ýar­lan­ýan mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de il­kin­ji ast­ro­nawt­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Ola­ryň ara­syn­da bir ga­ra­ýa­gyz, bir ze­nan hem bar. Ýe­riň hem­ra­sy­nyň da­şyn­dan il­kin­ji ge­zek aý­lan­jak ga­ra­ýa­gyz bol­jak Wik­tor Glo­wer mund­na ozal Hal­ka­ra Kos­mos be­ke­di­niň il­kin­ji ga­ra­ýa­gyz myh­ma­ny bo­lup­dy.
ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) hem-de Ka­na­da­nyň kos­mos agent­li­gi (CSA) ta­ra­pyn­dan Te­has şta­tyn­da­ky Hýus­ton şä­he­rin­dä­ki Jon­son adyn­da­ky kos­mos mer­ke­zi­niň go­la­ýyn­da­ky ta­nyş­dy­ry­lyp da­ba­ra­syn­da Re­id Wi­se­man (NA­SA), Wik­tor Glo­wer (NA­SA), Kris­ti­na Ham­mok Koh (NA­SA) hem-de Je­re­mi Han­sen (CSA) da­gy­nyň Aýyň da­şyn­dan aý­lan­jak sy­ýa­ha­ta gat­naş­jak­dyk­la­ry mä­lim edil­di.
10 gün çe­me­si do­wam et­jek “Ar­te­mis II” uçu­şyn­da “Orion” at­ly kos­mos gä­mi­si ula­ny­lyp, adam­la­ryň kos­mo­syň çuň­luk­la­ryn­da ýa­şa­mak­la­ry we iş­le­mek­le­ri üçin ge­rek bo­lan ukyp­lar we teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­ler sy­nag­dan ge­çi­ri­ler.
Bu sy­ýa­ha­tyň ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da ama­la aşy­ry­lan “Ar­te­mis I” uçu­şy­nyň do­wa­my bol­jak­dy­gy mä­lim edi­lip, bu uçu­şyň “Ar­te­mis” mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de il­kin­ji ze­nan we ga­ra­ýa­gyz ada­myň Aýa aýak bas­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­ret­jek­di­gi we gel­jek­ki kos­mos mis­si­ýa­la­ry­nyň ýo­lu­ny aç­jak­dy­gy, ne­ti­je­de Mar­sa git­mek üçin müm­kin­çi­lik dö­ret­jek­di­gi bel­le­nil­di.