Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty Ams­ter­dam­da­ky Şip­hol ae­ro­por­tyn­da 2025-nji ýyl­dan baş­lap, gal­ma­gal se­bäp­li gi­je­ki uçu­şar ga­da­gan edil­di. Ae­ro­por­tyň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, has asu­da, aras­sa we ýo­ka­ry hil­li ho­wa gat­na­wy üçin 2025-nji ýyl­dan baş­lap, 00:00-06:00 sa­gat­la­ry ara­ly­gyn­da uçar­la­ryň uç­ma­gy­na hem-de 00:00-05:00 sa­gat­la­ry ara­ly­gyn­da uçar­la­ryň gon­ma­gy­na rug­sat edil­mez. Şeý­le hem ki­çi göw­rüm­li ýö­ri­te ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň hem-de has gal­ma­gal­ly ho­wa gä­mi­le­ri­niň ae­ro­por­ta gon­ma­gy­na rug­sat be­ril­me­jek­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le hem bu ýer­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän tä­ze uçuş-go­nuş zo­la­gy­nyň tas­la­ma­sy­nyň hem ýa­ty­ry­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Tä­ze düz­gü­niň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len uçuş­la­ryň sa­ny­nyň hä­zir­ki­den her ýyl 10 müň sa­ny az bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Ber­len mag­lu­mat­da ho­wa men­zi­li­niň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýan 17 müň 500 ada­myň has ra­hat bol­jak­dyk­la­ry mä­lim edil­di. Esa­san işe­wür­le­riň ulan­ýan ki­çi göw­rüm­li ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň ada­ty ýo­lag­çy uçar­la­ryn­dan her ýo­lag­çy ba­şy­na ho­wa­ny 20 es­se köp za­ýa­la­ýan­dy­gy­na üns çe­ki­lip, bu uçar­la­ryň hem ho­wa men­zi­li­ne go­nup bil­me­jek­di­gi bel­le­nil­di.