Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na (ŞHG) ag­za ýurt­la­ryň mi­nistr­le­ri Al­ma­ty­ny 2023-2024-nji ýyl­lar üçin ŞHG-niň me­de­ni we sy­ýa­hat­çy­lyk paý­tag­ty hök­mün­de tas­syk­la­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­da­dy­lar. Bu ba­ra­da ŞHG-niň Me­de­ni­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň on­laýn mas­la­ha­tyn­dan soň Ga­za­gys­ta­nyň Me­de­ni­ýet we sport mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy mä­lim et­di.
On­laýn du­şu­şy­ga Ga­za­gys­tan­dan baş­ga-da Hin­dis­tan, Hy­taý, Gyr­gy­zys­tan, Öz­be­gis­tan, Tä­ji­gis­tan, Rus­si­ýa we Pa­kis­tan ýa­ly ýurt­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy.
Wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji mi­nistr As­hat Ora­low Al­ma­ty şä­he­ri­ne 2023-2024-nji ýyl­lar üçin ŞHG-niň me­de­ni we sy­ýa­hat­çy­lyk paý­tag­ty de­re­je­si­ni ber­mek me­se­le­si­ni goz­ga­dy. We­kil­ler we ŞHG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Ja­neş Keýn onuň tek­li­bi­ni gol­da­dy.
Ga­za­gys­tan 2023-nji ýy­lyň iýu­lyn­dan 2024-nji ýy­lyň iýu­ly ara­ly­gyn­da Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk eder.
Mag­lu­mat:
2001-nji ýyl­da dö­re­di­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy (ŞHG) – dün­ýä­niň iň iri bi­le­le­şik­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu bi­le­le­şi­ge Hy­taý, Rus­si­ýa, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Tä­ji­gis­tan, Öz­be­gis­tan, Hin­dis­tan we Pa­kis­tan gir­ýär. Ow­ga­nys­tan, Be­la­rus, Eý­ran we Mon­go­li­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň syn­çy de­re­je­si bo­lup, Azer­baý­jan, Er­me­nis­tan, Kam­bo­ja, Ne­pal, Tür­ki­ýe we Şri-Lan­ka gep­le­şik bo­ýun­ça hyz­mat­daş ýurt­lar bo­lup dur­ýar.
ŞHG-ä gir­ýän ýurt­la­ryň umu­my meý­da­ny 34 mil­li­on ine­dör­dül metr­den gow­rak­dyr. Bu bü­tin Ýew­ra­zi­ýa­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar­dyr. Bi­le­le­şi­gi düz­ýän ýurt­lar­da je­mi 3 mil­liard­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar. Bu Ýer to­ga­la­gy­nyň ila­ty­nyň ýa­ry­na go­laý­dyr. ŞHG-äniň pa­ýy­na dün­ýä­niň je­mi içer­ki önü­mi­niň dört­den bi­ri düş­ýär.