Merkezi edarasy Rimde ýerleşýän «Lazzarini Design Studio» studiýasy uçýan ulagyň has lýuks görnüşini tanyşdyrdy. Pierpaolo Lazzarini atly hünärmeniň işläp düzen «Aircar» atly uçýan ulagy «Rolls-Royce» uçar hereketlendirijisi bilen üpjün edilipdir. Uçýan ulag şäheriçi gatnaw üçin niýetlenip, ýol dyknyşygynyň aradan aýrylmagyna ýardam eder. Ululygy 6 metr bolan uçarda bir pilot we üç ýolagçy üçin ýer göz öňünde tutulypdyr. Ulag ýeňil materiallardan öndürilipdir.
Ululygy we agramy babatda netijeli hasaplanýan «Aircar» takmynan, 750 km/sagat tizlik bilen uçar. Howa gämisiniň dört hereketlendirijisi biri-birinden aýratynlykda gapdala gyşaryp, ulagy dolandyrmaga ýardam edýär. Ulagyň ilkinji uçuşynyň 2024-nji ýylyň ahyrynda amala aşyrylmagyna garaşylýar.
Miwe ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.