Ýaponiýanyň hökümeti geljek 17 ýylda wodorod ýangyjynyň önümçiligine we oňa degişli tehnologiýalara 113 milliard dollar maýa goýum gönükdirer. Şeýlelikde, bu arassa ýangyjyň önümçiligi 12 million tonna ýetiriler. Ýurtda howa maksatnamasynyň çäklerinde geljek ýyllaryň dowamynda wodorod önümçiligi alty esse artdyrylar.
Fumio Kisidanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet 2040-njy ýyla çenli bu pudagy ösdürmek üçin 15 trillion ýen (113 milliard dollar) maýa goýum özleşdirer.
Ýaponiýa 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary dolulygyna aradan aýyrmagy maksat edinýär. Bu maksada ýetmek üçin suwüsti ýel beketleri, Gün panelli beketler, bioýangyç we wodorod ýangyjy ýaly daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän usullar arkaly energiýa serişdeleriniň öndürilmegi göz öňünde tutulýar.
Serdar TÄÇMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









