Gananyň paýtagty Akkra 2023-nji ýylyň Bütindünýä kitap paýtagty diýlip yglan edildi. Şäheriň häkimiýetleri ýurduň sowatsyzlyk derejesi ýokary bolan dürli toparlara gönükdirilen giň gerimli maksatnamany ÝUNESKO (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) hödürledi. Maksatnama, esasan, mekdep we jemgyýetçilik infrastrukturasyny güýçlendirmek hem-de okamak medeniýetini ösdürmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Maksatnama neşirýat pudagyny we beýleki döredijilik pudaklaryny goramak bilen bir hatarda, ýurtda sosial we ykdysady özgerişleri höweslendirmek üçin hünär endiklerini ösdürmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem çäreler ilatyň dürli gatlaklary üçin ykjam kitaphanalary döretmek, dürli dillerde kitap okamagy höweslendirmek maksady bilen usulyýet sapaklaryny, ýaşlar üçin hünär okuwlaryny geçirmek, bilim merkezlerini döretmek, ýerli sungaty we medeniýeti ösdürmek üçin dürli bäsleşikleri guramak ýaly çäreleri öz içine alýar.
Adatça, dünýäniň kitap paýtagty derejesi 23-nji aprelde – Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününde mälim edilýär. Geçen ýyl Meksikanyň Gwadalahara şäheri Bütindünýä kitap paýtagty derejesine eýe bolupdy.