Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Hytaýa saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda raýat awiasiýasy pudagyna degişli şertnamalara gol çekildi. Şertnama laýyklykda Ýewropanyň uçar öndüriji kompaniýasy bolan “Airbus”-yň Hytaýyň Týanszin şäherindäki zawodyna täze önümçilik liniýasy gurlup, bu ýerdäki önümçilik iki esse artdyrylar. Mundan başga-da Hytaýyň kompaniýalary “Airbus”-dan 160 ýolagçy uçaryny satyn alarlar. Şeýlelikde 150 sany “A320” hem-de 10 sany “A350-900” uçary hytaý awiakompaniýalaryna gowşurylar.
Bu barada saparyň çäklerinde fransuz işewürleri hem bu ýurda baran “Airbus”-yň ýokary derejeli ýolbaşçysy Guýllaume Fauri mälim etdi.
Fauri önümçiligiň giňeldilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belläp, hytaý bazarynyň barha ösýändigine ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, täze önümçilik ýerli awiakompaniýalary we sebitdäki beýleki müşderileri has köp haryt bilen bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
“Airbus”-yň Týanszindäki önümçilik desgasy 2008-nji ýylda işe girizildi. Bu ýerde dar korridorly, orta uzaklyga uçýan A320 uçarlary hem-de has giň A350 uçarlary öndürilýär.
Hytaýyň iň iri “AirChina”, “China Southern” hem-de “China Eastern” kompaniýalary geçen ýyl “Airbus”-dan jemi 292 uçar sargyt edipdirler.
Muhammet Beghanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.