Alžiriň energetika ministri Muhammed Arkab Ýewropa ýurtlaryna gaz eksport etmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barýandyklaryny belledi. Ýurduň gündogaryndaky Al-Beýaz welaýatynda tebigy gaz bilen işleýän elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi. Ministr bu ýerde eden çykyşynda Alžiriň elektrik önümçiliginde Orta ýer deňziniň ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlara çykandygyny belledi. Arkab ýakyn geljekde ýurtda Gün energiýa beketleri arkaly önümçiligiň artdyryljakdygyny we bu arassa energiýanyň Ýewropa ýurtlaryna iberiljekdigini mälim etdi. Bu taslamanyň Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçiriljekdigi bellenildi.
Şeýle hem Alžiriň Ortaýer deňzinde tebigy gaz gözlegleriniň dowam etdirilýändigi aýdyldy. Mundan başga-da, ministr Nigeriýa tebigy gazynyň Ýewropa akdyrylmagy üçin Nigeriýa-Niger-Alžir tebigy gaz geçirijisi taslamasynyň tamamlanmagy üçin uly öňegidişlik gazanylandygyny belledi.
Umumy uzynlygy 4 müň kilometre barabar boljak bu geçirijiniň 1 müň 800 kilometriniň galandygy habar berildi.
Arazmyrat PÄWIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









