1. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, zyýanly endiklerden daş duruň!
2. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!
3. С witaminine – askorbin turşusyna baý önümleri kabul ediň.
4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanyň.
5. Keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň. Derman serişdelerini özbaşdak ulanmaň!
6. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berjaý ediň!
7. Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, kabul ediň.
8. Kömelek we beýleki gök önümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berjaý etmegi unutmaň!
9. Iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary dogry berjaý ediň, olary söwda merkezlerinden satyn alyň, öý şertlerinde talaba laýyk saklaň we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy unutmaň!
10. Paslyň howa şertlerine görä, talabalaýyk geýniň.
11.Ýaz paslynda dürli mör-möjekleriň tebigatda janlanýandygyny nazara alyp, tebigata çykanyňyzda olaryň çakmagyndan ägä boluň.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi