Gaýybana syýahat
Syýahatçylyk babatda ösen şäherleriň biri bolan London dünýäde gyzyl telefon kabinasy, iki gatly awtobuslary, Ben sagat diňi bilen meşhurdyr. Şähere meşhurlyk getiren nyşanlaryň biri hem Tower köprüsi bolup, bu köpri Temza derýasynyň gündogar akymynda ýerleşýär. «London köprüsi», «Minara köprüsi» atlary bilen hem tanalýan Tower 1894-nji ýylda açylýar. Köpriniň açylmagy bilen pyýadalara we awtoulaglara Temza derýasynyň üstünden geçmäge mümkinçilik döreýär. Gurluşygy 8 ýyl dowam eden Tower köprüsiniň uzynlygy 283 metr bolup, syýahatçylaryň iň köp surata düşýän ýerleriniň biridir.
1800-nji ýyllarda Londonda köprüleriň sany artyp başlaýar. Şeýlelikde, 1877-nji ýylda köprüleriň gurluşygy boýunça iş edarasy döredilip, 50-den gowrak arhitektor we inžener kabul edilýär. 1884-nji ýylda iňlis arhitektory Horas Jonsuň hödürlän taslamasy esasynda 1886-njy ýylda Tower köprüsiniň gurluşyk işlerine başlanýar. Iki sany uly diňden (minara) ybarat köpriniň gurluşyk işleri 1894-nji ýylda tamamlanýar. Tower köprüsiniň gurluşygynda 12 müň tonna polat, 1200 tonna demir ulanylyp, portland daşy we korniş graniti bilen bezelýär. Derýadaky gämi gatnawyna päsgel bermezlik maksady bilen, Tower köprüsi açylyp-ýapylýan (leňňer) görnüşde gurulýar. 61 metr aralykda deň ikä açylyp-ýapylýan köpri, iki minaranyň merkezinde ýerleşýär. Leňňer köprini herekete getirmek üçin elektrogidrawlik ulgam ulanylýar. Hersiniň agramy müň tonnadan gowrak bolan leňňerler 5 minutyň dowamynda 86 derejä çenli ýokary göterilýär. Köprüde iki sany döwrebap dolandyryş kabinasy bolup, olaryň birinjisi gündogarda, ikinjisi günbatar tarapda ýerleşýär. Gämi gatnawynyň ugruna baglylykda, kabinadaky gözegçi köprini açyp ýapýar.
Tower köprüsi London şäheriniň iki tarapyny birleşdirýän iň esasy ýollaryň biri bolup, awtoulag ýoly bilen bir hatarda, pyýadalar üçin ikitaraplaýyn ýoda hem bar. Şeýle hem ýokarda ekiz diňleri birleşdirýän, daşy metal bilen örtülen iki ugurly aýna geçelgeler bolup, syýahatçylar lift arkaly ýokary galyp, bu ýerden şäheri synlap bilýärler. Beýikligi 65 metr bolan Tower köprüsinde dynç alynýan binalar, şeýle hem balyk we çipsi taýýarlanylýan restoranlar bar. Minaralaryň aşaky böleginde sergi zallary bolup, bu ýerde köpriniň gurluşygy hakyndaky filmler we suratlar görkezilýär. Açylyp-ýapylýan köprüden her gün 40 müňden gowrak adam geçýär. Şäher korporasiýasy tarapyndan 8 tonnadan az agramly awtoulaglara sagatda 32 kilometr tizlik bilen hereket etmek esasynda köprüden geçmäge rugsat berilýär.