Çi­li­dä­ki bir to­kaý­da ösüp otu­ran aga­jyň dün­ýä­niň iň köp ýa­şan agaç bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi aý­dyl­ýar. Bi­ler­men­ler bu ösüm­li­giň ýa­şy­nyň 5 müň ýyl­dan köp­dü­gi­ni çak­la­ýar­lar. Eger çak edi­li­şi ýa­ly, bu daragtyň ýa­şy şeý­le uly bol­sa, ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky 4 müň 850 ýaş­ly «Met­hu­se­lah» atly agajyň rekordyny täzelär.
«Fitz­roya cup­res­soi­des» at­ly bu agaç yk­ly­myň gü­nor­ta­syn­da ýe­tiş­ýän en­de­mi­ki gör­nüş ha­sap­lan­ýar. Paý­tagt San­tia­go­nyň 800 ki­lo­metr çe­me­si gü­nor­ta­syn­da­ky Los Ri­os to­kaý­lyk­la­ryn­da­ky bit­ýän «Pa­ta­gon­ýa ser­wi­si» at­ly agaç Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň iň uzyn aga­jy ha­sap­lan­ýar. Aga­jyň bu gör­nü­şi köp asyr­lar­dan bä­ri jaý we gä­mi gur­lu­şy­gyn­da giň­den ula­nyl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň köp ýa­şan aga­jy «Met­hu­se­lah»-yň ni­re­de­di­gi hem­me­le­re aý­dyl­ma­ýar. Çi­li­dä­ki aga­jy bol­sa, is­len­dik adam gör­mä­ge ba­ryp bil­ýär. Uzyn­ly­gy 28 met­re ýet­ýän bu aga­jy gör­mek üçin to­kaý­da bir sa­gat ýö­re­me­li bol­ýar. Aga­jyň ýa­şy ba­ra­da­ky gür­rüň çy­kan­dan soň­ra, to­ka­ýy go­ra­ýan­la­ryň sa­ny kö­pel­di­lip­dir.
Bu aga­jyň üs­tün­den il­kin­ji ge­zek 1972-nji ýyl­da bar­lyp­dyr. Agaç­dan il­kin­ji nus­ga­la­ry alan bi­ler­men­ler onuň ýa­şy­nyň 5 müň ýyl­dan gow­rak bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bi­ler­men­ler aga­jyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da hem mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Agaç ke­si­len­de gö­rün­ýän hal­ka­la­ry di­ňe ýa­şy­ny däl, haý­sy ýyl­da ho­wa­nyň nä­hi­li bo­lan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat al­ma­ga hem müm­kin­çi­lik ber­ýär.