Futbol boýunça Merkezi Aziýanyň futbol assossiýasy tarapyndan (CAFA) “CAFA Nations 2023” ady bilen geçiriljek halkara ýaryşyň bijeleri çekildi. 11-20-nji iýun aralygynda geçiriljek ýaryşda bijä laýyklykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy “A” toparça düşdi. Ildeşlerimiz bu toparçada ýer eýeleri Özbegistanyň, şol sanda Täjigistanyň hem-de Omanyň ýygyndylary bilen özara güýç synanyşar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 11-nji iýunda Täjigistanyň, 14-nji iýunda Özbegistanyň hem-de 17-nji iýunda Omanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

“B” toparçada 3 ýygyndy bolup, olar Eýranyň, ýer eýesi Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Owganystanyň ýygyndylarydyr.

“A” toparçadaky duşuşyklar Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde, “B” toparçanyň duşuşyklary bolsa Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriler.

Toparçalarda 1-nji orny eýelänler finala çyksa, 2-nji ýeri eýelänler bürünç medal ugrundaky duşuşyga çykar. Ýaryşyň 3-nji ýer üçin duşuşygy hem-de finaly Daşkent şäherinde oýnalar.

«A» toparçanyň duşuşyklary.

1-nji tapgyr. 11-nji iýun (ýekşenbe).

Täjigistan – Türkmenistan

Özbegistan – Oman

2-nji tapgyr. 14-nji iýun (çarşenbe)

Oman – Täjigistan

Türkmenistan – Özbegistan

3-nji tapgyr. 17-nji iýun (şenbe)

Özbegistan – Täjigistan

Türkmenistan – Oman