Hy­taý­ly bi­ler­men­ler Aý­da üç öl­çeg­li bi­na gur­ma­gy öw­ren­ýär­ler. Ýur­duň Mil­li kos­mos eda­ra­sy­nyň bi­ler­me­ni Wu Weý­ren «Chang’e-8» göz­leg kos­mos hem­ra­sy ar­ka­ly Aýyň gur­lu­şy­ny we mi­ne­ral bir­leş­me­le­ri­ni öw­re­nip, ol ýer­de üç öl­çeg­li çap ediş usu­lyny peý­da­la­nyp bol­jak­dy­gy­ny ýa-da bol­ma­jak­dy­gy­ny öw­ren­jek­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Wu Weý­ren Aýa uzak wagt­lyk ýer­le­şil­jek bol­sa, şol ýer­dä­ki ma­te­ri­al­lar­dan peý­da­la­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­ýär.
Hy­taý ge­çen ýyl­dan baş­lap, Ýe­riň or­bi­ta­syn­da öz­baş­dak eme­li hem­ra­sy­ny gu­rup, işe gi­riz­di. Ýurt kos­mos mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Aýa hem äh­mi­ýet ber­ýär. Hy­taý 2019-njy ýyl­da ýö­ri­te ga­pyr­ja­gyň için­de Aýa go­wa­ça to­hu­my­ny iber­di. Aýyň bi­ze gö­rün­me­ýän ga­raň­ky ta­ra­py­na ibe­ri­len pag­ta çi­gi­di­niň şi­ne­län­di­gi ha­bar ber­lip­dir.
Ýur­duň Tuns­zi, Si­an Szýao­tun we beý­le­ki uni­wer­si­tet­le­ri­niň Aý­da üç öl­çeg­li çap ediş teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň iş ýü­zün­de nä­dip dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li­di­gi ba­ra­da iş alyp bar­ýan­dyk­la­ry mä­lim edil­di.

Re­jep­mu­ham­met NUR­MU­HA­MME­DOW, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.