28-nji aprelde Ýaponiýanyň Soka uniwersitetiniň binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Ýaponiýanyň Soka uniwersitetiniň prezidenti M.Suzuki we professor-mugallymlary, Ilçihananyň wekilleri hem-de Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmelere türkmen ýaşlarynyň doly derejede gatnaşmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada bellediler. Şeýle hem, ýapon tarapy Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen meýillerine ýokary baha berýändiklerini aýratyn nygtadylar.
TDIM-niň HGI-niň rektory J.Gurbangeldiýewiň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde bu ýurduň Soka uniwersitetiniň prezidenti M.Suzuki, Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň (JIIA) baş direktory T.Içikawa hem-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi we Gündogar Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary müdirliginiň ýolbaşçysy M.Hirosawa we Ynsan ösüşi müdirliginiň ýolbaşçysy, Ýokary okuw mekdepleriň işi boýunça jogapkär müdiri D.Ueda bilen duşuşyklary geçirildi.
Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda taraplar ýokary bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, TDIM-niň HGI-niň rektory we Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäher häkimliginiň obserwatoriýasyna baryp gördüler we onuň çäklerinde ýapon paýtagtynyň ylym we bilim ugurlaryndaky işleri bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio şäher häkimliginiň obserwatoriýasyna tanyşdyryş saparynyň guralmagy iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine itergi boldy. Türkmen tarapy Tokio şäher häkimliginiň wekiliýetini Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.