Çaý özboluşly ösümlik hem-de lezzet beriji içimlik hasaplanýar. Her sagatda hemme ýerde diýen ýaly birnäçe käse çaý içilýär. Esasan hem, Aziýa ýurtlarynda meşhur bolan bu içimligiň gök çaý, gara çaý, jasmin çaýy, matça çaýy ýaly birnäçe görnüşi bar. Ata Watany Aziýa bolan bu ösümlikden çaý demlenende nämelere üns bermeli?! Hoşboý tagamly çaýy nädip demlemeli?! Geliň, çaý demlemegiň käbir syrlaryny öwreneliň!
Ilkibaşda çaý ýapraklarynyň üstüne gyzgyn suw guýup içmek pikiri hytaýlylaryň kellesine gelýär. Şol sebäpli çaý hytaýlylaryň milli içimligi, çaý içmek bolsa hytaý medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Wagtyň geçmegi bilen çaý dünýäniň ähli ýerine ýaýrap, ony öndürýän we gaplaýan zawodlar gurulýar. Çeper eserlerde, lukmançylyk baradaky habarlarda çaýyň lezzeti we saglyga peýdasy ýaýbaňlandyrylyp başlanýar.
Çaý antioksidantlara baý içimlik bolup, bedende öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni almaga kömek edýär. Ýürek üçin peýdaly bolan bu içimlik holesterini peseldýär, gan basyşy kadalaşdyrýar hem-de ünsi jemlemäge kömek edýär. Gandaky şekeriň derejesini azaltmakda hem çaýyň peýdasy uludyr.
Çaý demlemegiň usullary her ýurda görä tapawutlanýar. Mysal üçin, Angliýada we Hindistanda çaýa süýt garylýan bolsa, Tailandda buz, Taýwanda miwe bölekleridir köpürjik goşulýar. Çaý demlemegiň, esasan, iki usuly bar. Iň ýaýran usulda çäýnege çaý atyp, ýarymdan gowrak edilip gaýnag suw guýulýar. 10-15 minut demini alandan soň, çäýnege ýene-de gaýnag suw guýulýar. Ikinji usulda, iki çäýnek ulanylýar. Munda aşaky çäýnekde gaýnag suw gaýnadylyp, ýokarky çäýnekdäki çaý aşaky çäýnegiň buguna gaýnap durýar. Bu usulda islege görä, ajyrak ýa-da ýuwan çaý içip bolýar.
Çaýy gowy demlemegiň syrlary
Gowy çaý içmek üçin demini alýança garaşmaly. Demini almadyk çaýyň tagamy bolmaz. Ýöne çaý uzak wagtlap demini alsa-da, ajy bolar. Atym çaýy ilki sowuk suwda ýuwmaly. Şeýlelik bilen çaýdaky tozan bölejikleri aýrylýar. Mümkinçilige görä çaýy gidrant suwuna däl-de, agyz suwuna demlemeli. Çaý keramika ýa-da farfor gapda içilse has-da lezzet berýär.