Şu gün Türkiýede prezident we parlament saýlawlary üçin saýlaw uçastoklary açyldy. Bu barada ýurduň “Hurriyet” gazeti mälim edýär.
Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen 17: 00-a çenli işlär.
Ýokary saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, 81 welaýatda 191 müňden gowrak saýlaw gutusy oturdyldy. Ýurtda 60 million 721 müň 475 raýatyň ses bermäge hukugy bar.
Daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynda ses berişlik 27-nji aprelden 9-njy maý aralygynda geçirildi. Oňa 1,8 milliondan gowrak saýlawçy gatnaşdy. 73 ýurtdaky türk wekilhanalarynda geçirilen ses berişlige gatnaşanlaryň sany 53%-den geçip, rekord derejä ýetdi.
Şu günki saýlawlarda üç dalaşgär döwlet baştutany wezipesine dalaş edýär – häzirki Prezident Rejep Taýýyp Ärdogan (Adalat we Ösüş partiýasy), alty sany partiýanyň ýeke-täk dalaşgäri Kemal Gylyçdarogly (Respublikan halk partiýasy) we Ata bileleşiginden Sinan Ogan.
Parlamentdäki orunlara 24 syýasy partiýa we 151 dalaşgär dalaş edýär.
Saýlawlaryň gutarnykly netijeleriniň 19-njy maýda mälim edilmegine garaşylýar.