Hä­zir­ki wagt­da Ko­pen­ga­ge­niň ila­ty­nyň ýa­ry­sy di­ýen ýa­ly we­lo­si­ped sür­ýär we we­lo­si­ped ýol­la­ry­nyň hem-de du­ral­ga­la­ry­nyň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Ko­pen­ga­ge­niň ulag ul­ga­myn­da hu­su­sy aw­tou­lag­lar­dan we­lo­si­ped­le­re ge­çil­me­gi­niň esa­sy se­bä­bi eý­ýäm 70-nji ýyl­lar­da ýü­ze çy­kan ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy we ulag dyk­ny­şy­gy me­se­le­le­ri bo­lup dur­ýar. Da­ni­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň kö­çe­le­rin­de we­lo­si­ped­le­riň şol dö­wür­ler­den bä­ri ula­nyl­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, beý­le­ki ýol he­re­ke­ti­ne gat­na­şy­jy­lar köp­lenç ola­ryň hu­kuk­la­ry­na göz ýum­ýar­dy­lar.
Şol wagt­lar Da­ni­ýa­nyň Hö­kü­me­ti we­lo­si­ped sür­ýän­le­ri gol­da­mak mak­sa­dy bi­len çä­re gör­mek ka­ra­ry­na ge­lip­di. 1980-nji ýyl­lar­da şä­her hä­kim­li­gi ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ko­pen­ga­ge­niň we­lo­si­ped inf­rast­ruk­tu­ra­sy köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ös­dü­ri­lip, bir­nä­çe tap­gyr­la­ry öz içi­ne al­ýar. Il­ki bi­len we­lo­si­ped sür­ýän­le­riň howp­suz­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin kö­çe­ler­de tiz­lik çä­gi­ni pe­selt­mek sy­ýa­sa­ty al­nyp ba­ryl­dy. Ikin­ji­den, we­lo­si­ped sür­ýän­ler üçin has yg­ty­bar­ly we amat­ly bo­lar ýa­ly tä­ze we­lo­si­ped ýol­la­ry we köp­rü­ler gu­rul­dy, bar bo­lan­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. Üçün­ji­den, we­lo­si­ped du­ral­galary­ny go­wu­lan­dyr­mak, şol san­da, ýaşaýyş jaýlarynyň we döw­let eda­ra­la­ry­nyň ýa­nyn­da we­lo­si­ped du­ral­ga­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça iş­ler edil­di. Dör­dün­ji­den, we­lo­si­ped sa­tyn al­mak we abat­la­mak üçin sub­si­di­ýa­lar, şeý­le hem tölegsiz we­lo­si­ped kä­ren­de­si we we­lo­si­ped ge­ze­lenç­le­ri ýa­ly we­lo­si­ped sür­ýän­le­re dür­li gol­daw mak­sat­na­ma­la­ry gi­ri­zil­di.
Ko­pen­ga­gen­de we­lo­si­ped inf­rast­ruk­tu­ra­sy üçin esa­sy üs­tün­lik­li fak­tor­la­ryň bi­ri hem ra­ýat­la­ryň stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­mä­ge gat­naş­ma­gy­dyr. Şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry pi­kir­le­ri we tas­la­ma­la­ry jem­gy­ýet­çi­lik fo­rum­lar­da öňe sür­mek we ara alyp mas­la­hat­laş­mak arkaly bu işe öz go­şant­la­ry­ny goş­du­lar. Bu, şä­her hä­kim­li­gi­ne we­lo­si­ped inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp düz­mek­de ýa­şaý­jy­la­ryň ze­rur­lyk­la­ry­ny we pi­kir­le­ri­ni göz öňün­de tut­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Ne­ti­je­de, hä­zir­ki wagt­da 600 müň ilat­ly Ko­pen­ga­gen­de 390 ki­lo­metr­den gow­rak we­lo­si­ped ýo­ly, 20 müň­den gow­rak dür­li we­lo­si­ped du­ral­ga­la­ry bar. We­lo­si­ped sür­ýän­ler ýol­lar­da ile­ri tu­tu­lyp, ýo­ly­şyk­la­ryň kö­pü­sin­de we­lo­si­ped sür­ýän­ler üçin goş­ma­ça sig­nal­lar bar. Mun­dan baş­ga-da, Ko­pen­ga­gen­de şä­her ila­ty­nyň şä­he­riň is­len­dik ýe­rin­dä­ki jem­gy­ýet­çi­lik stan­si­ýa­la­ryn­dan kä­ren­de­si­ne we­lo­si­ped alyp bil­jek prog­ram­ma­sy bar. Şeý­le hem Ko­pen­ga­gen­de «Copen­ha­gen Bi­ke Show» we «Copen­ha­gen Pro» ýa­ly we­lo­si­ped sür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly dür­li çä­re­le­r ge­çiril­ýär. Dü­kan­la­ryň we res­to­ran­la­ryň kö­pü­sin­de we­lo­si­ped­ler üçin ni­ýet­le­nen ýö­ri­te du­ral­ga­lar bar.
Bu çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de, Ko­pen­ga­gen ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­ny azalt­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di we Ýew­ro­pa­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa paý­tagt­la­ry­nyň bi­ri­ne, şeý­le hem we­lo­si­ped sür­ýän­ler üçin iň howp­suz şä­her­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Şol bir wag­tyň özün­de we­lo­si­ped­ Ko­pen­ga­gen­de şä­her me­de­ni­ýe­ti­niň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­di. Öz ge­ze­gin­de ýer­li ýa­şaý­jy­lar gy­şyň so­wu­gy­na, güýç­li ýa­gyş­la­ra ga­ra­maz­dan, şä­her­de we­lo­si­ped­li aý­lan­ma­gy iň amat­ly usul ha­sap­la­ýar­lar.