«App­le» her ýyl gu­ral­ýan Bü­tin­dün­ýä iş­läp dü­zü­ji­ler mas­la­ha­ty­nyň (WWDC) 5-nji iýun­dan 9-njy iýu­na çen­li ara­lyk­da on­laýn ýag­daý­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Iş­läp dü­zü­ji­ler we ta­lyp­lar Ka­li­for­ni­ýa­da­ky «App­le Park»-da kon­fe­ren­si­ýa­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şyp bi­ler­ler.
WWDC23 äh­li iş­läp dü­zü­ji­ler üçin tölegsiz bo­lup, iOS, iPa­dOS, macOS, watchOS we tvOS-yň işi­niň üs­tün­dä­ki soň­ky ga­za­ny­lan­la­ry, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we gu­ral­la­ry mahabatlandyrýar.
Bu ýyl­ky mas­la­ha­tyň on­laýn program­ma­sy, esa­san, ses­si­ýa­la­ry, aý­ra­tyn la­bo­ra­to­ri­ýa iş­le­ri­ni hem-de «App­le»-iň in­že­ner­le­ri we iş­läp dü­zü­ji­le­ri bi­len ara­gat­na­şyk gur­ma­gy öz içi­ne alar.
WWDC23 şeý­le hem «Swift Stu­dent Chal­len­ge» mak­sat­na­ma­sy ar­ka­ly dörediji ta­lyplara gol­daw ber­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­dir. Ol iş­läp dü­zü­ji­le­re we dür­li ýaş­da­ky okuw­çy­la­ra prog­ram­mir­le­me ukyp­la­ry­ny ös­dür­mä­ge kö­mek ed­ýär. «App­le»-de aýt­mak­la­ry­na gö­rä, «Swift Playg­rounds» prog­ram­mir­le­me di­li­ni öw­re­niş prog­ram­ma­sy ar­ka­ly ta­lyp­lar is­len­dik ugur­dan prog­ram­ma dö­re­dip bi­ler­ler.
– WWDC23 «App­le»-de her ýyl iň ha­lan­ýan çä­re­le­ri­mi­ziň bi­ri, se­bä­bi bu dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den ge­len ze­hin­li iş­läp dü­zü­ji­ler bi­len ara­gat­na­şyk gur­mak müm­kin­çi­li­gi­dir. Olar bu jem­gy­ýe­tiň mak­sat­la­ry­ny has-da öňe iler­led­ýär­ler – di­ýip, «App­le»-iň iş­läp dü­zü­ji­ler bi­len gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Sýu­zan Pres­kott belleýär.