ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi oba ýerlerini elýeterli bahadan ygtybarly, arassa energiýa bilen üpjün etmek maksady bilen umumy bahasy 11 milliard dollar bolan grant we karz berer. Bu taslamanyň ýurduň taryhynda oba ýerlerini energiýa bilen üpjün etmek maksady bilen özleşdiriljek iň gymmat maýa goýumlaryň biridigi bellenildi.
Taslamanyň çäklerinde täzelenýän energiýa ulgamlaryna goldaw bermek maksady bilen iri Gün, ýel, geotermal, biomassa, gidroelektrik taslamalary maliýeleşdiriler.
Oba hojalyk ministri Tom Wilsak ýurduň hökümetiniň has arassa energiýa wadasynyň oba ýerleriniň elýeterli bahadan we howpsuz elektrik toruny emele getirýändigini, müňlerçe adamy iş bilen üpjün edýändigini we geljekde energiýanyň bahasyny peseltmäge ýardam etjekdigini mälim etdi.
Wilsak bu maýa goýumyň şol bir wagtyň özünde klimatyň üýtgemegi bilen göreşmekde netijeli boljakdygyny hem-de çagalaryň saglygyna töwekgelçilik döredýän howanyň we suwuň hapalanmagynyň ep-esli möçberde azaltjakdygyny belledi.
Ýurtda geçen ýyl arassa energiýa üpjünçiligini artdyrmak üçin kanun güýje girizilipdi.
Rahymgeldi Rahmangeldiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.