San­ly pul çy­ka­ry­lar

88

Ýew­ro­panyň Mer­kezi ban­ky­nyň (ECB) do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy Fa­bio Pa­net­ta san­ly ýew­ro­nyň gel­jek 3-4 ýyl­da do­la­ny­şy­ga goý­be­ri­lip bi­lin­jek­di­gi­ni bel­le­di. Em­ma ze­rur­lyk bo­lan ýag­da­ýyn­da ada­ty bank­not­la­ryň do­la­ny­şyk­dan aý­ryl­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky san­ly ýew­ro­nyň beý­le­ki ýurt­la­ryň mer­ke­zi bank­la­ry­nyň san­ly pul­la­ry bi­len bi­le­lik­de ula­ny­lyp bi­lin­me­gi üçin ABŞ, Ang­li­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Ka­na­da, Ýa­po­ni­ýa we Şwe­si­ýa döw­let­le­ri­niň Mer­ke­zi bank­la­ry bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Ban­kyň we­ki­li san­ly ýew­ro­nyň ula­ny­jy­la­ra do­lu­ly­gy­na yg­ty­bar­ly we tö­wek­gel­çi­lik­siz tö­leg se­riş­de­si bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi san­ly ýew­ro­nyň çy­ka­ryl­jak­dy­gy­ny 2020-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da mä­lim edip­di.
Mun­dan ozal Hy­ta­ýyň Mer­ke­zi ban­ky «e-CNY» at­ly san­ly pu­ly do­la­ny­şy­ga goý­be­rip­di. Hä­zir­ki wagt­da köp ilat­ly iri şä­her­ler­de ýö­re­ýän bu tö­leg se­riş­de­si­niň çy­g­ry bar­ha gi­ňe­ýär. Ýur­duň Gun­dun, Szýan­su, He­beý we Syçu­an ýa­ly we­la­ýat­la­ryn­da san­ly pul­dan peý­da­la­nyl­ýar. Hy­taý­da res­mi san­ly pul bir­li­gi­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge 2014-nji ýyl­da gi­ri­şi­lip­di. Il­kin­ji ge­zek san­ly pul 2020-nji ýyl­da dört we­la­ýat­da ula­ny­şa goý­be­ril­di.

Ra­hym­ber­di GY­ZY­LOW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.