«Şu­lar aýak­ga­by­ny ýyg­na­ma­gy ha­çan öw­re­ner­kä­ler? Ga­py­dan gi­reň­den, kö­wüş ba­ry aýa­gyň aşa­gyn­da. Aňyr­dan ýa­dap gel­ýäň, büd­rä­bem ýy­kyl­jak adam pa­hyr. Mu­ny da­gy, gaň­ry­lan aýak­dan ga­çyp ga­lan ýa­ly, ýa­nyn düň­de­ri­lip ýa­tyr. Mu­ňa se­red-ä, ýö­räp bar­şy­na çy­ka­ry­lyp gi­di­len paş­mak, bir ta­ýy po­luň üs­tün­de, bi­ri ha­lyň».
– Elim­dä­ki go­şy bir ala­we­riň! Kar­toş­ka­ny aş­ha­na el­tiň, çö­re­gi sto­luň üs­tün­de go­ýuň! Kö­wüş­le­ri jüp­läp-jüp­läp aýak­gap tek­jäň üs­tü­ne gal­dy­ryň!
«Öý­de bar zat­lar­dan gar­bak-gur­bak edi­ni­ber­män, aç­ja otu­ran­dyr­lar göz­le­ri­ni ga­ral­dyp, ýo­lu­ňa ba­kyp».
– Du­ruň, eşi­gi­mi bir çal­şy­ra­ýyn! Soň üçü­ňi­zem diň­le­jek bir-bir­den. Ýö­ne, ge­zek­li-ge­ze­gi­ne gep­läň! Özem ni­rä ýö­re­sem yzy­ma dü­şüp gep­lä­be­riň. Me­niň si­zi otu­ryp diň­le­mä­ge wag­tym ýok. Na­har atar­ma­ly.
«Wah, sa­da­ga­sy bo­la­ýyn, içi çüý­rük eken-ä bu kar­toş­kaň. Iki böl­seň, or­ta­sy por­ruk, ga­ra­lyp ýa­tyr. Art­jak di­ýip, ýo­nup-ýo­nup ýo­gat­dym. Üçü­si ýe­ter di­ýip­dim, dör­dü­si­ni art­ma­sam bol­jak däl. Nä­me bi­şir­sem­käm? Şu­ny gün­de bi­ri aý­dyp otur­sad-a. Kyn gör­jek däl, bi­şir­jek. Ýa na­har­sa­naw ýa­zyp, so­wa­dy­jy­nyň ýü­zü­ne ýel­mäp goý­ma­ly­my?! Hem tiz biş­me­li, hem teý­li­je bol­ma­ly, ysam, gör­nü­şem iş­dä aç­ma­ly. Nir­de bar­myş onuň ýa­ly he­zil­lik! Ir­den bi­şi­ri­len na­ha­ry ag­şam iý­jek däl­miş­ler, ag­şam bi­şi­ri­len na­ha­ram ir­den gyz­dyr­saň, ýüz­le­ri­ni kür­şer­di­şip otyr­lar. Mur­tu­nam deg­re­nok­lar. Res­to­ra­nyň müş­de­ri­le­ri­ne hyz­mat ed­ýän ýa­ly bol­dum-a üç wag­ty­na üç dür­li na­har bi­şi­rip.
– Eje se­ni goň­şy ça­gyr­ýa!
«Mu­ňam ters wag­ty gel­şi­ni. Eli­mem hap-a».
– Uly ga­za­ny so­ra­ýar. Be­rip goý­be­riň!
«Öýü­ne myh­man-syh­man gel­jek­dir-dä. Ho­ja­ly­gy­na öz ady­na bir­je ga­zan edi­nip go­ýaý­ma­lyd-a. Iliň za­dy bi­len zat­ly bo­lup bol­ýa­my».
– Tä­ze­den aýt ýaň­ky ýe­ri­ni. Mu­gal­lym nä­me diý­di diý­diň? Hä? Dog­ry aý­dyp­dyr. Bäş­lik al­jak bol­saň oka­ma­ly! Oka­ma­ny al­jak bol­ýa­ňyz go­wy ba­ha­ny. Ka­ka­ňa ýat­lat. Py­çak­la­ry çar­ha tut­sun. Po­mi­do­ram ke­se­nog-a bu haý­ran. Şol sy­hap dur­ma­ly. Sen aý­dy­ber. Men diň­läp du­run. Ajyg­ýan bol­saň, na­har biş­ýän­çä çö­re­ge mes­ge ça­lyp iý. Gaý­nap, bi­raz ta­ga­my­na gel­sin-ä bi. How­luk­dy­ryp dur­maň! To­ba, biz ça­ga­kak, sä­hel zat bi­len gar­ny­myz do­ýar­dy. Çö­re­giň da­şy­na ýa­şyl so­gan orap iýer­dik. Bal ýa­ly­dy. Mes bol­ýa­ňyz.
«Gün­de­lik­le­ri­ni bar­la­ma­dy­gy­ma-da iki hep­de da­gy bo­lan­dyr. Sä­hel gow­şa­saň, bu­la­ram özüň­den be­ter gow­şa­jak bo­lup dur­lar. Hä­zi­riň özün­de üçü­si­niň­ki­nem bar­la­ma­ly».
– Ha­ny, gün­de­lik­le­ri­ňi­zi taý­ýar­laň! Bar­lap, gol çek­jek. Ba­ha­la­ry­ňyz pe­se­len däl­dir-le?! Ne­be­la şa­kyr­da­dyp aç­ýaň? Ýyrt­ýaň-a mu­ny. Päp­kä­ňem Bö­wen çi­şik ýa­ly. Ag­ra­my­na el­tu­ta­ry gop­jak. Bol­ma­sa, bir­ki ki­ta­by­ňy çy­ka­ryp, pa­ke­de sa­lyp git. Hä? How! Düýn­ki be­ren pu­lum gu­tar­dy­my? Nä­mä sow­duň?
«Ar­ty:p, duz at­dym­my şu­ňa, ýa at­ma­dym­my? Çor­ba aş at­sam­my­ka-am, mer­ji­mek? Ta­pa­wu­dy nä­me?! Iki­sem tiz biş­ýä. Man­ty-bö­re­gi dynç gü­ni ede­rin-dä. Ýog­sam, iş­den ge­lip, kyn na­har et­jek bol­saň, gi­je on iki­de iýäý­me­seň. Al on­da, mer­ji­mek at­dym men-ä».
– Ha­ny eli­ňi­zi ýu­wup, ge­çiň sto­luň ba­şy­na. Gy­zym jan, çem­çe elt. Ka­ka­ňy­zam ça­gy­ryň! Dur, dur, how­luk­ma! Ag­zyň bi­şäý­me­sin!
«Şu ki­çi­le­re öňün­den sa­lyp, so­wa­dyp go­ýaý­ma­saň, ha­byr-hu­bur edi­ber­ýä­ler. Ana aý­dy­şym ýa­ly-da. Ag­zy­ny ýak­dy, in­dem lä­gi­rip baş­lar. Ede­niň bar bol-a. Me­nem şu­laň­ky­ny öňün­den sa­lyp go­ýaý­ma­ly we­lin, edä­ýe­mokd-a».
– Goý, goý, zy­ýa­ny ýok. Üf­läp­jik iý­me­li, to­kar­jam. Şa­kä­säň­dä­ki na­ha­ryň hem­me­sem seň­ki. Da­wa et­jek ýok. Ça­ýy kim guý­dy şu wagt? Sen­mi? Beý­dip pül­pül­det­mek nä­mä ge­rek? Az­rak gu­ýu­ber ahy­ry. On­so­ňam çaý na­har­dan soň içil­ýär. Özem kä­sä­ňi süý­şür or­ta­rak. Ýog­sam, aýa­gy­ňa guý­ýaň gyz­gyn ça­ýy. Bo­şat­dyň­my, gu­ýup be­re­ýin­mi ýe­ne? Aza­jyk?
«Mu­ňa da­gy se­ret, şöh­lat-çö­rek ge­tir­ýä. Şu wagt­jyk na­har iý­di».
– Eli­ňi ke­säý­me! Ge­tir bä­ri py­ça­gy özüm ke­sip be­re­ýin. Ýa­tar gar­na agyr za­dy az­rak iý. Bal ýa­ly na­har iý­diň, bu nä­mä ge­rek!
«Bu­laň gar­ny­nyň doý­ýan wag­ty bir bar­my­ka? Aý, iý­sin­ler, iýäý­jek wagt­la­ry. Jan­la­ry sag bol­sa bol­ýa».
– Ta­bak­lar bo­şa­dy­my, ha­ny on­da omyn ede­liň! Her kim öz şa­kä­se­si­ni aş­ha­na elt­me­li. Haýt, dö­wäý­me! Ga­ýym tut!
«Dyr­nak ýa­ly­jak bo­lup, bu­lam iş et­jek­den. Düz ýol­dan bir dog­ry ýö­re diý­se­ne. Haý se­niň bir, pat­dyk-put­dyk edip! Il­ler gap ýuw­ýan ma­şyn ulan­ýa. Go­wy ýuw­ýa­myş-da, içi­ne sa­lyn­ýan ýu­wu­jy se­riş­de­si gym­mat­myş. Bu-uw, ata­myň ba­ha­sy­ny aýt­dy­lar! On­dan el­de ýu­wup goý­be­ren­de nä? Kyn däl-ä. Suw şag­lap dur».
– Haý, dü­kür­di­ňiz nä­me? Kim bi­len kim uruş­ýa? Nä­me paý­la­şyp bi­leň­zok? Ka­ka­sy, özüň ara­laş­dy­ryp goý­be­re­we­ri!
«Te­le­wi­zo­ra se­re­dip otu­ran­dyr, ýa ha­ty­ny ýaz­ýan­dyr, ça­ga­la­ra ün­sem ber­ýän däl­dir».
– Ka­ka­sy, se­re­de­we­ri! Ýan­la­ryn­da­myň özüň? Haý­sy jaý­da sen?
«Bir­gi­den şa­kä­se. He­mi­şe­ler na­ha­ry hem­mä deň­lik edip, bir uly ta­ba­ga sa­lar­dy­lar. Beý­dip bö­lüp-bü­çüp, maý­da-çüý­de ta­bak­la­şyp otur­maz­dy­lar. Bu­la­ryň ýum­ruk ýa­ly­ja­gy­na çen­li aý­ra­tyn sal­ma­ly. Iý­je­gi bir çem­çe na­har we­lin, öz ady­na bir ta­ba­gy çyr-çyr­şak ed­ýär. Ýu­wa-ýu­wa iliň gar­rap gid­ýär gyz­gyn su­wuň aşa­gyn­da».
– Öý iş­ler edil­di­mi? Eşid­ýä­ňiz­mi, öý iş­le­ri­ňi­zi et­di­ňiz­mi? Ki­miň­ki edil­me­di? Seň­ki­mi? Nä­mü­çin? Kyn bol­sa, so­ra­ma­ly eke­niň ulu­dan! On­dan ba­ha­na bol­maz. Otur-da, et. Bir­sa­lym­dan bar­la­jak. Sen nä­mä gel­diň? Ýap so­wa­dy­jyň ga­py­sy­ny! Nä­me göz­le­ýäň? Al­ma? Al­ma sto­luň üs­tün­de, ýu­wul­gy­ja dur. Diş­läp iý­me, py­çak bi­len ke­sip iý! Ýa­ry­sy­ny iýip, ýa­ry­sy­ny iý­män, za­ýa­lap goý­ýa­ňyz. Ka­ka­ňa ke­sip ber diý. Ýat­dy? Ga­raş on­da, hä­zir özüm ke­sip ber­ýän. Ak köý­ne­giň ha­pa­lan­dy­my? Hä­li­den bä­ri aýt­ma­ly eke­niň-dä ýu­wup ber di­ýip. In­di gu­rap ýe­tiş­mez. Er­tir ýat­lat, ýu­wup be­re­ýin.
«Şu gün hep­däň nä­çen­ji gü­ni? Bä­şin­ji­mi ýa al­tyn­jy? Bä­şin­ji! On­da, ýe­ne bir gün iş­le­sek, dynç bol­ýar. Şu dynç gü­ni öýi go­wy edip tä­miz­le­me­li. Ýaň­ky mer­ji­me­jik bi­len bu­laň gar­nam doý­ýan däl­dir. Boş gü­nüm teý­li­je bir zat­lar bi­len kö­ke-sö­ke-de bi­şir­mäň ug­ru­na çyk­ma­ly. On­da ba­zar­da­nam-a odur-bu­dur al­ma­ly bol­jak.
Ýa­man dym-dyrs­lyk bol­dy-la. Ça­ga­lar ýa­taý­dy­my?! Uk­lan­da gep­le­me­ýän­le­ri­ne-de şü­kür. Baý-bo-ow! Bu­lar-a ser­re­li­şip ga:lyp­dyr. Ýe­ke-ýe­ke­den dü­şek­le­ri­ne da­şa­ber­me­li. Ýö­ne ka­ka­la­ry­ny nä­dip ge­çir­jek?
Hä­li iş­de­käm kel­läm­de he­ka­ýa tas­lap­dym. Öýe ba­ryp ýa­za­ryn di­ýip­dim. Sa­gat eý­ýäm on iki bo­lup­dyr! O nä­mäň he­ka­sy? Ýat!

Oraz­gül GUR­BA­NO­WA.