5-nji-10-njy iýun aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşy geçiriler. Bu ýaryşa Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we biziň ýurdumyzdan 12 ýaşa ýetmedik ýaş tennisçiler gatnaşar.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy, sport ussady Eziz Döwletowyň metbugat wekilleri üçin geçirilen gysgaça duşuşykda belleýşi ýaly, bu ýaryşyň maksady has köp ýaşlary tennis bilen meşgullanmaga çekmek we sportuň hereketini ösdürmekden ybarat.
Milli tennis federasiýasynyň başlygy – Bilşiňiz ýaly, pandemiýa döwründe Halkara federasiýa (ITF) ýaryşlaryň köpüsini ýatyrdy. Şonuň üçin-de pandemiýadan soňky döwürde Aşgabatda geçirilýän sebitleýin ýaryş uly waka hasaplanýar. Şeýle-de, ol 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýär, olar üçin bolsa kän bir halkara ýaryşlary geçirilip durulmaýar. Bu ýaryş toparlaýyn birinjilik derejesine eýe bolup, onda ýekelikde we jübütlikde köp duşuşyk geçiriler. Bu bolsa, öz gezeginde, ýaş tennisçileriň ussatlyklarynyň ösmegine goşant goşar – diýip belledi.
Türkmenistan Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň howandarlygynda 4 ýyldan soň guralýan bu sebitleýin ýaryşy ikinji gezek geçirer.
Türkmenistanyň Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp sport infrastrukturasy bolan 200-den 4000-e çenli orunlyk açyk we ýapyk tennis meýdançalary bar. Ýaryşyň geçiriljek ýeri saýlananda, bu ölçegleriň hemmesi, Halkara tennis federasiýasy tarapyndan hökmany suratda göz öňünde tutulypdy we Merkezi Aziýa çempionatynyň geçiriljek ýerini Aşgabatda diýip kesgitlemekde uly rol oýnapdy.
Ýaryş geçirilýän günlerde Türkmenistanyň paýtagtyna Halkara tennis federasiýasynda (ITF) Aziýa sebitiniň jogapkär kuratory Amir Borgei, Aziýa tennis federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Manprit Kandhari we birnäçe tanymal bilermen, şol sanda dünýäniň öňki on altynjy tennisçisi, Wimbldondaky «Uly tuwulga» we «US Open» ýaly köp sanly ýaryşyň ýeňijisi, häzirki wagtda bolsa Özbegistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Iroda Tulýaganowa, Gyrgyzystanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Nureddin Medetow, Täjigistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Abdurasul Muhiddinow dagy myhman hökmünde gatnaşarlar. Merkezi Aziýa birinjiliginiň (12 ýaşa çenli) baş emini hökmünde Seftedjani Mohammadhassan Laçinani (Eýran) tassyklandy.
Şeýle hem, Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) bilermeni Pýotr Unežiski (Polşa) ýaryşyň hormatly myhmany bolar. Ol Merkezi Aziýa çempionlygy tamamlanandan soň, iýun aýynyň 10-dan 24-i aralygynda Aşgabatda tälimçilik okuwynyň 1-nji derejesi boýunça 2-nji tapgyryny geçirer. Bu okuwy üstünlikli tamamlan tälimçiler, dünýäniň islendik ýurdunda işlemäge hukuk berýän şahadatnama alarlar.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Merkezi Aziýanyň ýakyn wagtda geçiriljek çempionlyk ugrundaky ýaryşynda toparymyzyň mümkinçilikleri barada şeýle diýdi:
«Çaklamalarymyz hakykata gaty golaý. Ýaryşda gyzlar toparyna milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Mirali Gasanow, oglanlar toparyna bolsa Türkmenistanyň birinji tennisçisi Ýuriý Rogusskiý ýolbaşçylyk eder. Ýygyndy topar ýaryşa taýýarlykda uly yhlas görkezdi. Taýýarlygyň soňky tapgyry 7-nji maýdan 29-njy maý aralygynda Daşkende geçirildi, bu döwürde toparymyz türgenleşigi ýoldaşlyk duşuşyklar bilen gezekleşdirýärdi. Dört ýyl mundan ozal, Aşgabatda geçirilen şunuň ýaly ýaryşda oglan-gyzlar toparymyz üçünji ýeri eýeledi. Ýakynda geçiriljek Aziýa birinjiliginde-de (12 ýaşa çenli) Türkmenistanyň tennisçileriniň şondan pes oýnaman, hormat münberine çykmagyna garaşýarys.