Ispaniýanyň çempionatynda çempion “Barselona” Fatiniň 2 gol geçiren oýnunda “Malýorkany” 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda çykyş eden Serhio Buskets hem-de Žordi Alba soňky sapar “Barselonanyň” köýnekçesi bilen “Kamp Nouda” meýdança çykdy. “Real Madrid” bolsa myhmançylykda “Sewilýany” Rodrigonyň gollary esasynda 2-1 hasabynda utdy. “Atletiko Madridden” 2-1 hasabynda asgyn gelen “Real Sosiedad” topary 5-nji ýerdäki “Wilýarrealyň” “Raýo Wallekanodan” utulmagyndan soň Çempionlar Ligasyna gatnaşamaga hukuk gazandy. San sebastianlylar 9 ýyldan soň UEFA-nyň iň uly klub ýaryna wekilçilik ederler. Myhmançylykda “Walensiýa” bilen 2-2 deňme-deň oýnan “Espanýol” 1 ýyldan soň ýene-de 2-nji liga düşdi. “La Ligadan” gitjek 3-nji topar soňky tapgyrda belli bolar. 41 utugy bolan “Kadiz”, “Hetafe”, “Walensiýa”, 40 utukly “Almeriýa” bilen “Selta” hem-de 39 utukly “Walýadolid” toparlarynyň haýsy hem bolsa biri aşaky liga düşer.

Soňky tapgyrda Ispaniýanyň “La Ligasynda” geçiriljek duşuşyklaryň tertibi:

4-nji iýun (21:30)

Osasuna – Žirona

Wilýarreal – Atletiko

Real Madrid – Atletik

Real Sosiedad – Sewilýa

Malýorka – R. Wallekano

4-nji iýun (00:00)

Walýadolid – Hetafe

Selta – Barselona

Betis – Walensiýa

Elçe – Kadiz

Espanýol – Almeriýa