31-nji maý 3-nji iýun aralygynda Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky medeniýet we sungat işgärlerinden, alymlardan, habarçylardan we talyp ýaşlardan düzülen türkmen wekiliýeti Ermenistana geldi.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ermenistanyň Aram Haçaturýan konsertler zalynda geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň we döredijilik jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ermenistanda akkredirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler, şeýle çäreleriň iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyndaky, medeni-ynsanperwer ugry boýunça gatnaşyklary güýçlendirmek babatynda aýratyn ähmiýetini bellediler.
Türkmen sungat artistleriniň ermeni halkyna döredijilik bukjasy dünýä we milli aýdym-saz hazynasynyň nusgawy eserlerinden, halk döredijiliginden, folklor kompozisiýalaryndan we häzirki zaman estrada aýdymlaryndan sazlaşykly utgaşdyrylan çykyşlar görkezildi.
Türkmen wekiliýetiniň Ermenistan Respublikasyna saparynyň çäginde Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow bilen Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Ž.Andreasýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen we ermeni halklarynyň taryhy hem-de medeni mirasyny öwrenmek üçin medeni alyş-çalyş we ylmy gatnaşyklary has-da güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler, iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara forumlaryny yzygiderli geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Taraplar milli medeniýetleriň ösmegi üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada durup geçip, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň arasynda ýakyn dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi giňeltmek we berkitmek üçin ygtybarly köpri bolandygyny nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň ähmiýeti Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda indiki ädim boljak çäre hökmünde bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda, 2023-2025-nji ýyllar üçin iki ýurduň Hökümetleriň medeniýet we sungat pudagyndaky özara gatnaşygy boýunça maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Şol gün türkmen wekiliýetiniň agzalary Ermenistanyň Jemgyýetçilik telewideniýesiniň binasyna, şeýle hem Keramatly Mesrop Maştots adyndaky “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutyna baryp gördüler.
Ýerewanda geçirilýän bu döredijilik çäresiniň esasy maksatlarynyň biri nusgawy şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny giňişleýin şöhlelendirmekden ybaratdyr.