2-nji iýun­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek Tür­ki döw­let­le­riň Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
24 – 29-njy iýun ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­re Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň we Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­le­ri­niň, şeý­le hem TÜRK­SOÝ-nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­ti­je­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm şer­ti hök­mün­de me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň iler­le­dil­me­gi­niň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Şun­da ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şol gu­ra­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da TÜRK­SOÝ hem bar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da Tür­ki döw­let­le­riň Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň we ony ge­çir­me­giň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­ni tab­şyr­dy.