Rus awtoulag öndürijisi “AvtoVAZ” Sankt-Peterburgdaky öňki “Nissan” zawodynda täze “Lada” awtoulag modelini çykarar. Bu barada “AwtoVAZ”-yň başlygy Maksim Sokolow aýtdy. M. Sokolow häzirki wagtda “Lada Sankt-Peterburg” diýlip atlandyrylýan öňki “Nissan” zawodynda önümçiligiň 14-nji iýunda gaýtadan başlajakdygyny habar berdi. Golaýda bu zawodda öndüriljek ilkinji modeliň “Lada X-Cross 5” boljakdygy mälim edildi. Iki ýylyň içinde zawod ýene iki täze önüm öndürip başlar.
Geçen ýyl Ukrainadaky çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Russiýada iş alyp barýan halkara kompaniýalaryň köpüsi bu ýurtdaky önümçilik desgalaryny we edaralaryny ýapypdy.