Ýewropanyň iň uly stadiony bolan «Camp Nou»-da abatlaýyş işlerine badalga berildi. Ispaniýanyň çempiony «Barselona» toparynyň stadiony «Spotify Camp Nou»-da abatlaýyş işleri başlady. Topar bu ýerdäki soňky duşuşygyny «Malýorka» bilen geçiripdi. Stadionyň abatlaýyş işleri 1 ýyldan gowrak wagt dowam eder. Daşky we içki görnüşiniň durky täzeleninden soň stadiona sygýan janköýerleriň sany hem artdyrylar. Başgaça aýdylanda, häzirki wagtda 99 müň 354 tomaşaçy orunlyk bolup, abatlaýyş işlerinden soň bu stadionda birbada 105 müň janköýer duşuşyga tomaşa edip biler. Stadionyň abatlaýyş işlerini 2024-nji ýylyň ahyrlarynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. «Barselona» kluby ýerli duşuşyklaryny «Spotify Camp Nou-da 2025/2026 möwsüminden başlap geçirer. Şol wagta çenli bolsa klub ýerli duşuşyklaryny şäherdäki «Lluis Companys» Olimpiýa stadionynda oýnar. Ozalky ady «Estadio de Montjuic» bolan bu stadion 55 müň 926 janköýere niýetlenendir.