Lew Tols­to­ýyň “Uruş we pa­ra­hat­çy­lyk” ro­ma­ny soň­ky bir ýyl­da nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyň iň meş­hur ese­ri­ne öw­rül­di. Bu ba­ra­da “Lit­res” ki­tap hyz­ma­ty mer­ke­zi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di.
“Lit­res” ki­tap hyz­ma­ty mer­ke­zi­niň hü­när­men­le­ri 2022-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­dan 2023-nji ýy­lyň 31-nji ma­ýy­na çen­li ara­lyk­da mugt gö­çü­rip al­ma­gyň we ki­tap sa­tu­wy­nyň umu­my sa­ny­ny sel­jer­di­ler. Sel­je­riş üçin rus we so­wet nus­ga­wy ýa­zy­jy­la­ry­nyň eser­ler top­lan­dy. Her bir ese­riň elekt­ron we ses for­mat­la­ryn­da­ky äh­li wer­si­ýa­la­ry ha­sa­ba alyn­dy.
Lew Tols­to­ýyň “Uruş we pa­ra­hat­çy­lyk” epo­pe­ýa ro­ma­ny je­del­siz li­der diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Çün­ki ol 74 müň ge­zek gö­çü­ri­lip al­nan eken. Ikin­ji or­ny eýe­län Fýo­dor Dos­to­ýews­ki­niň “Je­na­ýat we je­za” at­ly öl­mez-ýit­mez ro­ma­ny 64 müň ge­zek gö­çü­ri­lip al­nyp­dyr. Il­kin­ji üç­lü­ge Lew Tols­to­ýyň meş­hur “An­na Ka­re­ni­na” ese­ri bi­ri­gip, 62 müň ge­zek gö­çü­ri­lip al­nyp­dyr.
Şeý­le hem iň meş­hur 10 nus­ga­wy ki­tap­la­ryň sa­na­wy­na Bul­ga­ko­wyň “Mor­fiý” at­ly he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy, Dos­to­ýews­ki­niň “Ten­tek” hem-de “Do­gan­lar Ka­ra­ma­zow­lar” ro­man­la­ry, Zam­ýa­ti­niň “Biz” ro­ma­ny, I. Ilf we E. Pet­ro­wyň “Bir gat­ly Ame­ri­ka. He­ka­ýa­lar” ese­ri, Puş­ki­niň “Ka­pi­ta­nyň gy­zy” ro­ma­ny we Go­go­lyň “Öli jan­lar” ro­ma­ny gir­di.