Öz­be­gis­tan bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da 2 ýyl üçin te­bi­gy gaz sa­tyn al­mak ba­bat­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, her ýyl 2,8 mil­liard kub­metr te­bi­gy ga­zy sa­tyn al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ba­ra­da Öz­be­gis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
– 2 ýyl möh­let bi­len te­bi­gy gaz sat­mak we sa­tyn al­mak ha­kyn­da­ky şert­na­ma “Uz­gast­reýd” bi­len “Gazp­rom eks­port” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da bag­la­şyl­dy – diý­lip, met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Bu res­mi­na­ma Öz­be­gis­ta­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Žu­ra­bek Mir­za­mah­mu­dow bi­len “Gazp­rom” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Alek­seý Mil­ler gol çek­di­ler. Ýyl­lyk muk­da­ry 2 mil­liard 800 mil­li­on kub­metr te­bi­gy ga­za deň­dir.
Rus­si­ýa­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­myň çäk­le­rin­de rus ga­zy­ny Öz­be­gis­ta­na iber­mek hem-de bu te­bi­gy ga­zy al­mak üçin gaz ge­çi­ri­ji ul­ga­my taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça “ýol kar­ta­sy­na” gol çe­ki­lip­di.
Bu şert­na­ma­nyň tä­jir­çi­lik şert­le­rin­de Öz­be­gis­ta­nyň her ýyl art­ýan sarp ediş möç­be­ri­ni bel­li bir möç­ber­de ka­na­gat­lan­dyr­mak hem-de güýz-gyş möw­sü­min­de te­bi­gy ga­zyň sarp edil­me­gi­ni bök­denç­siz ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nan­dy­gy bel­le­nil­di.
Bu yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de şu ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­dan gün­de­lik 9 mil­li­on kub­metr te­bi­gy ga­zyň eks­port edi­lip baş­lan­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.