Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasy iň uly uçar şertnamasyna gol çekdi. Düýn Parižde öz işine başlan halkara awiakosmos sergisinde Hindistanyň arzan bahaly hyzmat hödürleýän “IndiGo” kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanyldy. Hindi awikompaniýasy sebitde syýahatçylyk pudagyna islegiň ýokarlanýandygyny göz öňünde tutup, birnäçe millard dollarlyk şertnama baglaşdy. Ýylyň başynda Hindistanyň beýleki iri awiakompaniýasy “Air India” 470 uçar satyn almak üçin şertnama baglaşypdy. “IndiGo”-nyň ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Pýetr Elbers: “Bu diňe başlangyç. Entek geçilmeli ýol köp. Hindistanyň we hindi awaisiýa bazarynyň ösmegi bilen, bu ylalaşygy gazanmak üçin iň dogry wagt” – diýip belledi.
Dünýäniň iň köp ilatyna hyzmat hödürleýän hindi awiakompaniýalary ösýän awiasiýa bazaryna üýgunlaşmak üçin ozalky rekordlary täzelediler.
Aýyň başynda taýýarlanan “Barclays”-yň maglumatlaryna görä, hindi awiakompaniýalar pudagyň 6 göterimini eýeläp, ABŞ-dan soňra ikinji ýerde durýarlar.
Hindistanyň içerki howa ýolagçy gatnawynyň 60 göterimi “IndiGo”-nyň paýyna düşýär. Kompaniýanyň howa gämileriniň köpüsini bir koridorly “Airbus” uçarlary emele getirýär.