24-29-njy iýun aralygynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Hepdeligiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny iberdi. Gutlagda Türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda bilelikdäki medeni çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy biziň halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Bu işleriň ählisi medeniýet we sungat ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde, döredijilik babatda özara tejribeleri alyşmakda, türki halklaryň medeni gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir diýip bellenilýär.
Aşgabatda dowam edýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralýan Halkara çäräniň meýilnamasynda uly we baý çäreler göz öňünde tutulýar. Olara Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň sungat ussatlary gatnaşar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri bolar. Şeýle hem hepdelik paýtagtyň köp sanly medeni ojaklarynda, hususan-da, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam eder.
Türki döwletleriň foto sergisi hem-de çagalaryň çagalaryň surat sergisi hem geçiriler. Halkara medeni forumyň geçirilýän günlerinde myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Aşgabadyň gözel ýerlerine, Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler.
Hepdeligiň dowamynda türki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler.