Ne­bi­ti eks­port edi­ji ýurt­la­ryň gu­ra­ma­sy OPEK-iň çak­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­de ne­bi­te is­le­giň ösü­şi 2023-nji ýyl­da her gün­de 2,3 mil­li­on bar­re­le ýe­tip bi­ler. Bu ba­ra­da gu­ra­ma­nyň iýun aýyndaky ha­sa­ba­tyn­da aý­dyl­ýar. Şeý­le­lik bi­len, bu gör­ke­zi­ji eý­ýäm yz­ly-yzy­na dört aý üýt­gew­siz gal­ýar.

Mun­dan baş­ga-da, 2023-nji ýyl­da ne­bi­te bo­lan is­leg or­ta­ça her gün­de 101,9 mil­li­on bar­rel bo­lup bi­ler. Şol bir wag­tyň özün­de, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk we Ösüş Gu­ra­ma­sy­na agza (OECD) ýurt­la­rda ne­bi­te bo­lan is­le­giň umu­my ösü­şi ba­ry-ýo­gy 0,05 mil­li­on bar­re­l bo­lar diý­lip, OPEK gu­ra­ma­syn­da ga­ra­şyl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de, OECD-e gir­me­ýän ýurt­lar ne­bi­te bo­lan is­le­gi­ni her gün 2,3 mil­li­on bar­rel tö­we­re­gi ýo­kar­lan­dy­rar.

Şeý­le hem gu­ra­ma 2023-nji ýyl­da OPEK-e gir­me­ýän ýurt­lar­dan ne­bit üp­jün­çi­li­gi­niň ösü­şi ba­ra­da­ky çak­la­ma­sy­ny her gün­de 1,4 mil­li­on bar­rel ara­ly­gyn­da sak­la­dy. Bu gör­ke­zi­ji yzy­gi­der­li dör­dün­ji aý üýt­ge­me­ýär. Ahyr­ky ne­ti­je­de, ol her gün­de 67,2 mil­li­on bar­re­le ýe­tip bi­ler.

ABŞ, Bra­zi­li­ýa, Nor­we­gi­ýa, Ka­na­da, Ga­za­gys­tan we Ga­ýa­na ýa­ly ýurt­lar üp­jün­çi­li­giň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri bo­lar diý­lip, OPEK-de ga­ra­şyl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de, il­kin­ji no­bat­da, Rus­si­ýa­da önüm­çi­li­giň azal­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le hem bu gu­ra­ma 2023-nji ýy­lyň mart aýyn­da ABŞ-da ne­bit we kon­den­sa­tyň ön­dü­ri­li­şi­niň 2020-nji ýy­lyň mart aýyn­dan bä­ri iň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ten­di­gi­ni we tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da ösüş dep­gi­ni­niň her gün­de 1,1 mil­li­on bar­rel bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär.