Ýewropanyň öňdebaryjy klublary tarapyndan transfer edilmek islenen Türkiýäniň “Fenerbahçe” klubunyň ýaş ýyldyzy Arda Güleriň täze kluby belli boldy. 18 ýaşyndaky ýarymgoragçy Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň düzümine goşuldy. Bu barada ispan kluby resmi habar berýär. Güler ispan kluby bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşar. Gol çekişlik dabarasy ertir Madridde geçiriler. Ispan kluby Arda Güleriň transferi üçin türk klubuna 20+8 million ýewro berer.

Arda Güler bilen “Barselona” “Milan” toparlary-da içgin gyzyklanýardy. Arda Güler “Fenerbahçede” geçen möwsümde 20 oýunda 4 gol geçirdi.

Metbugatda çykan habarlara görä, ispan kluby Arda Güleri Çabi Alonsonyň tälim berýän Germaniýanyň “Baýer” klubuna 1 möwsümlik kärendesine ugratmakçy bolýar. Karlo Ançelottiden soň Çabi Alonsonyň “Real Madridiň” tälimçisi bolmagyna garaşylýar.