Hy­ta­ýyň «We­Ri­de» kom­pa­ni­ýa­sy Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de sü­rü­ji­siz tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­mak üçin yg­ty­ýar­na­ma al­dy. Bu yg­ty­ýar­na­ma öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ulag­la­ry ýur­duň he­re­ke­te açyk ýol­la­ryn­da sy­nag­dan ge­çir­mä­ge rug­sat ber­ýär. Ýurt­da 2030-njy ýy­la çen­li ýo­lag­çy gat­na­wy­nyň 25 gö­te­ri­mi­niň sü­rü­ji­siz ulag­lar bi­len ama­la aşy­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Bu rug­sat­na­ma­nyň hem şol mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ber­len­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le hem ýurt­da ulag­la­ryň aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len he­re­ket et­me­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy hem mak­sat edi­nil­ýär. Ber­len yg­ty­ýar­na­ma şol mak­sa­da ýet­mä­ge hem ýar­dam eder. Ýurt­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy hem-de şol ulag­la­ra zar­ýad ber­ýän be­ket­le­riň ýaý­ra­wy­nyň gi­ňel­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. «We­Ri­de» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ABŞ-da hem-de Hy­taý­da sü­rü­ji­siz ulag­la­ry sy­nag­dan ge­çir­mek üçin yg­ty­ýar­na­ma­sy bar.
Mun­dan ozal, ýur­duň iň meş­hur şä­he­ri bo­lan Du­ba­ýyň ýol­la­ryn­da dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň sü­rü­ji­siz ulag­la­ry sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Şeý­le hem bu şä­her­de uç­ýan tak­si­ler sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. 2019-njy ýyl­da Du­ba­ýyň Ga­ra ýol­la­ry eda­ra­sy Bü­tin­dün­ýä sü­rü­ji­siz gat­naw mas­la­ha­ty­ny ge­çi­rip­di.
Şeý­le hem Du­baý şä­he­rin­de «Crui­se» kom­pa­ni­ýa­sy sü­rü­ji­siz tak­si­le­ri sy­nag­dan ge­çir­mek we iş­läp taý­ýar­la­mak üçin ma­ýa go­ýum goý­dy. Hä­zi­re çen­li şä­he­riň kar­ta­sy çy­ka­ry­lyp, şu ýyl kom­pa­ni­ýa­nyň sü­rü­ji­siz ulag­la­ry­nyň hyz­ma­ta hö­dür­len­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.