Adamlaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen ýylyň-ýylyna täzeçe görnüşdäki ulag serişdeleri işlenip düzülýär. Elektrik togy bilen hereket edýän ulaglar, gibrid ýa-da uçýan tehnikalar, şeýle hem iki tigirli serişdeler soňky ýyllarda köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Ulag serişdeleriniň hataryna 23-nji aprelde 77 ýaşyny dolduran wespany hem goşmak bolar. «Wespa» meşhur brendleriň biri bolup, «Piaggio & C. SpA» italýan awtoulag öndürijisi tarapyndan öndürilýär. 1946-njy ýylda ilkinji nusgasy köpçülige hödürlenen bu skuter (ýangyç tygşytlaýan, hereketlendirijisi arka tarapynda bolan kiçi motosikl) ýönekeý we ygtybarly ulag bolmagy bilen tapawutlanýar. Wespa gysga wagtyň içinde Italiýanyň şäher durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Sebäbi bu ulag ýangyjy hem tygşytly sarp edip, şäher içinde sürmäge amatly bolýar. Şeýle hem bu skuteriň dizaýny adaty motosiklden tapawutly bolup, zenanlaryň sürmegi üçin hem amatly hasaplanýar. Şeýlelikde, bu ulaga isleg ýokary bolýar. Şeýle bolansoň, 50-nji ýyllarda bu ulag Germaniýa, Angliýa, Fransiýa, Belgiýa we Ispaniýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna ýaýrap başlaýar. Ondan soňra Hindistandyr Indoneziýa ýaly Aziýa ýurtlarynda hem meşhurlyga eýe bolýar.
«La Dolce Vita» filminde (1960 ý.) wespanyň ilkinji gezek surata düşürilmeginden soň, bu skuteriň meşhurlygy has-da artýar. Hatda italýan jemgyýetiniň nyşanyna öwrülýär. Daşary ýurt žurnalistleri Italiýany «Wespa ýurdy» diýip atlandyrýarlar. Bu ulagyň önümçiligi 1956-njy ýylda 1 milliona, 1988-nji ýylda 10 milliona ýetýär. Wespa 60-70-nji ýyllarda ýaşlaryň arasynda ýörgünli ulag görnüşleriniň birine öwrülýär. Häzirki wagta çenli 150-ä
golaý modeli öndürilen «Wespa» birnäçe ýyl bäri skuter bazarynda iň abraýly ulag bolmagyny dowam etdirýär. Ulag serişdeleriniň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak maksady bilen, 2019-njy ýylda bu skuteriň elektrik togy bilen hereket edýän görnüşi köpçülige ýetirildi. Wespa meňzeş ulaglaryň birnäçesiniň işlenip düzülendigine garamazdan, italýan skuteri motosikl muşdaklarynyň ösen islegini kanagatlandyrýar.