Ilon Mask ta­ra­pyn­dan sa­tyn al­nan­dan soň­ra “Twit­ter”-iň ma­ha­bat gir­de­ji­le­ri­niň azal­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, jem­gy­ýet­çi­lik to­ru­nyň gir­de­ji­si soň­ky bir ýyl­da 19,8 gö­te­rim aza­lyp­dyr.
Aras­sa ener­gi­ýa, elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi we kos­mos pu­da­gy ýa­ly ugur­lar­da iş alyp bar­ýan Ilan Mask ge­çen ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da “Twit­ter”-i 44 mil­liard dol­la­ra sa­tyn al­dy. Şon­dan gys­ga wagt­dan soň­ra Mask is­pan işe­wü­ri Ber­nar Ar­no­dan yza ga­lyp, dün­ýä­niň iň baý ikin­ji ada­my bo­lup­dy. Has dog­ru­sy ge­çen ýy­lyň de­kabr aýyn­da LVMH-niň ýol­baş­çy­sy Ber­nar Ar­no 185,4 mil­liard dol­lar­lyk baý­ly­gy bi­len mil­li­ar­der­le­riň sa­na­wyn­da bi­rin­ji or­na çy­kyp­dy. Bu üýt­ge­şik­lik­de di­ňe “Twit­ter”-iň däl, eý­sem, “Tes­la”-nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ar­zan­la­ma­gy­nyň hem tä­si­ri bo­lup­dy. On­dan soň­ra Mask ýe­ne-de bi­rin­ji or­na çy­kan hem bol­sa, ge­çen ýyl köp ýit­gi çek­di.
Ge­çen ýyl Ilan Mask 140 mil­liard dol­lar tö­we­re­gi ýit­gi çek­di. Bu ýit­gi sa­na­wa gi­ren beý­le­ki äh­li işe­wür­le­riň­ki­den hem köp bol­dy. Şeý­le­lik­de ýy­lyň ahy­ryn­da 130 mil­liard dol­lar­lyk baý­ly­gy bi­len Bloom­berg Mil­li­ar­der­ler In­dek­sin­de Ber­nar Ar­no­dan soň­ra ikin­ji or­na düş­di.
Ag­za­la­ry art­ýan “Threads” “Twit­ter”-iň ýe­ri­ne ge­çip bi­ler­mi?
“Facebook”, “Ins­tag­ram” we “What­sApp” ýa­ly prog­ram­ma­la­ra eýe­çi­lik ed­ýän “Me­ta” kom­pa­ni­ýa­sy “Twit­ter”-a bäs­deş jem­gy­ýet­çi­lik to­ru­ny hyz­ma­ta hö­dür­le­di. “Threads” at­ly bu plat­for­ma ýa­zy­lan­la­ryň sa­ny­nyň eý­ýäm 70 mil­lio­na ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. “Me­ta”-nyň ýol­baş­çy­sy Mark Zu­ker­berg ag­za­la­ryň sa­ny­nyň ga­ra­şy­lan­dan has ýo­ka­ry­dy­gy­ny mä­lim et­di.
“Threads”-iň ag­za­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gyn­da ula­ny­jy­la­ryň “Ins­tag­ram” ha­sap­la­ry ar­ka­ly bu plat­for­ma gi­rip bil­mek­le­ri­niň tä­si­ri­niň ulu­dy­gy bel­le­nil­ýär.
In­ter­feý­si “Twit­ter” bi­len meň­zeş bo­lan “Threads” ge­çen hep­dä­niň çar­şen­be gü­ni açy­lyp­dy. Bu plat­for­ma­da 500 har­pa çen­li teks­ti go­ýup bol­jak­dy­gy, link, su­rat we 5 mi­nu­ta çen­li wi­deo goý­lup bi­lin­jek­di­gi mä­lim edil­di.