Hin­dis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy mi­nist­ri Jio­ti­ra­dit­ýa Mad­haw­rao Şin­di­ýa 2030-njy ýy­la çen­li 230-240 ae­ro­por­tuň, he­li­port­la­ryň (di­ku­çar meý­dan­ça­la­ry­nyň) we suw ae­rod­rom­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Ýurt­da soň­ky ýyl­lar­da awia­si­ýa pu­da­gy gör­ne­tin ös­ýär. Ýo­lag­çy gat­na­wy 2013-2014-nji ýyl­lar­da 60 mil­li­on bo­lan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da 145 mil­lio­na ýe­tip­dir. Şu ýyl ýo­lag­çy sa­ny bir gün­de 460 mü­ňe ýe­tip, bu ugur­da re­kord go­ýul­dy. Şeý­le­lik­de, uçar ýo­lag­çy­la­ry­nyň sa­ny COVID-19 pan­de­mi­ýa­syn­dan ozal­ky ýag­daý­dan öňe geç­di. Go­laý­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­ruž­de ge­çi­ri­len awia­si­ýa ser­gi­sin­de hin­di awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry re­kord de­re­je­de uçar sar­gyt edip­di­ler.
Mi­nist­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ýur­duň awia­par­kyn­da 2030-njy ýy­la çen­li 1200-1400 ara­ly­gyn­da ho­wa gä­mi­si bo­lar. Şol döw­re çen­li her ýyl ýo­lag­çy sa­ny 3 es­se ar­typ, 420 mil­lio­na go­laý bo­lar. Şeý­le hem ýurt­da uçar ar­ka­ly ýük da­şa­ma­la­ry­nyň yzy­gi­der­li art­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Hä­zir­ki wagt­da Hin­dis­tan­da 148-e go­laý ae­ro­por­tyň bar­dy­gy ha­bar be­ril­di.