Şu günler ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakanyň – Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmeginiň öňüsyrasynda neşir edilen bu edebi-filosofik eser Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, ýurdumyzyň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly pikir-garaýyşlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly edebi döredijiliginde halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgeleri beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu täze eserde dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň durmuş filosofiýasy beýan edilýär. Bu kitap hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy» ýaly eserleriniň logiki dowamydyr.
Täze kitap «Ömrümiň manysy – il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan – enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe – bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy» hem-de «Ömrüňiz uzak bolsun!» atly bölümlerden ybarat bolup, olarda beýan edilýän garaýyşlar okyjyny döwletli döwranymyz, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz hakyndaky çuňňur oýlaryň dünýäsine atarýar. Neşir garalýan meseleleriň köpdürlüligi, diliniň baýlygy we düşnükliligi bilen tapawutlanýar. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň, filosoflaryň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem kitabyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň öz ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlar, duýgy-düşünjeler, pikir-garaýyşlar, Watanymyzyň ösüş menzilleri beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyz her bir eserinde beýik alymlaryň we filosoflaryň pähimlerini mysal getirýär. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan täze eseriň bütin dowamynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik äheňli, çuňňur mazmunly goşgularyndan tymsallaryň getirilmegi bu iki şahsyýetiň paýhas ummanynyň, dünýägaraýşynyň, aňyýet kämilliginiň täsin sazlaşygydyr.
«Hakydada orun alan pursatlar» atly bölümde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek, döwrebap lukmançylyk-şypahana hyzmatlaryny ýola goýmak, çagalaryň sagdyn ösüşini üpjün etmek, ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak ýaly möhüm işleri durmuşa geçirmek boýunça gazanylan guwandyryjy netijeler beýan edilýär. Hususan-da, bu bölümde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Bu pikirler gaznanyň adynda bar bolan «sahawat», «ýagşylyk» ýaly düşünjeleriň mazmuny esasynda açylyp görkezilýär.
Täze neşiriň aýry-aýry bölümleri daşary ýurtlar hem-de görnükli syýasatçylar bilen dostlukly gatnaşyklaryň taryhyna bagyşlanypdyr. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky çözgütleri, ilkinji nobatda, dost-doganlyk ýörelgesine esaslanýar. Şunuň esasynda bolsa ýurdumyz dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli goňşuçylygy barha pugtalandyrýar, özara bähbitli, ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan dostlukly gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda has-da berkedi.
Kitabyň «Watan – enäniň kalby» atly bölüminde Milli Liderimiz mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de kyblasy Mälikguly aganyň manyly ömürleri barada gymmatly maglumatlary getirýär. Hormatly Arkadagymyzyň mähribanlarynyň il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyşlan durmuş ýoluny watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, zähmetsöýerligiň, hoşniýetliligiň belent nusgasy hökmünde suratlandyrýar. Ogulabat eje we Mälikguly aga çagalaryny türkmen maşgalasynyň iň gowy däplerine laýyklykda terbiýelediler, perzentleriniň kämil şahsyýetler, mynasyp ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalary etdiler. Ene-atanyň terbiýesi we şahsy göreldesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ýoluny kesgitledi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen kitap köpöwüşginli fotosuratlar bilen bezelipdir. Bu eser Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer işlerini, her bir türkmenistanlynyň abadançylygyna gönükdirilen taýsyz tagallalaryny açyp görkezýär.
Tanyşdyrylyş dabaralarynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň jemgyýetiň aňyýetine oňyn täsir etmekde ägirt uly ähmiýetini bellediler. Onda milletimiziň taryhy mirasy barada gürrüň berilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň şöhratly ýollarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan saldamly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Onda ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri hakynda söz açylýar we taryhyň, şu günüň, geljegiň özara baglanyşygy barada çuňňur oýlanmalar beýan edilýär.