CAFA futzal çempionatyna ildeşlerimiz taryhy ýeňiş bilen başlady. Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilýän çempionatyň 1-nji gününde Türkmenistanyň ýygyndysy bilen yklymyň iň öňdebaryjy topary Eýranyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ildeşlerimiz Gylyçmyrat Gylyçmyradowyň hem-de Maksat Soltanowyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Golaýda tälimçilige bellenen Ýakup Öwezowyň şägirtleriniň 2-nji duşuşygy şu gün (24-nji iýul) ýer eýeleri Täjigistanyň futzal ýygyndysy bilen bolar.

Ýaryşyň ilkinji gününde oýnalan beýleki duşuşyklarda-da Özbegistan Täjigistany 4-2, Owganystan hem Gyrgyz Respublikasyny 5-4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Gatnaşýan toparlaryň hersi biri-biri bilen 1 gezek duşuşarlar we netijede 5 oýnuň netijesinde iň köp utuk toplan ýygyndy kubogy eýelär.

Çempionat 30-njy iýula çenli dowam eder.