Ge­çen ýyl Ýa­po­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň aza­lyp, ýurt­da ýa­şa­ýan da­şa­ry ýurt­lu­la­ry hem ha­sap ede­niň­de, 125 mil­li­on 416 müň 877 bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Pan­de­mi­ýa­nyň ta­mam­lan­ma­gy bi­len bu ýurt­da ýa­şa­ýan da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny bol­sa üç ýyl­dan soň­ra il­kin­ji ge­zek ar­typ­dyr. Şeý­le­lik­de, Ýa­po­ni­ýa­nyň ila­ty ozal­ky ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 511 müň adam aza­lyp­dyr. Ýur­duň içe­ri iş­ler we ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi­niň ýaý­ra­dan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ilat sa­ny­nyň ha­sa­by­nyň ýö­re­dil­ip baş­la­nan 1968-nji ýy­l­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek 47 we­la­ýa­tyň äh­li­sin­de hem ilat aza­lyp­dyr. Ýa­pon ra­ýat­la­ry­nyň sa­ny soň­ky 14 ýyl­da yz­ly-yzy­na aza­lyp, 122 mil­li­on 423 müň 38 bo­lup­dyr. Ýurt­da ýa­şa­ýan da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny ge­çen ýyl 10,7 gö­te­rim ar­typ, 2 mil­li­on 993 müň 839 bo­lup­dyr. Ola­ryň köp bö­le­gi­ni ta­lyp­lar we hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak is­le­ýän hü­när­men­ler eme­le ge­tir­ýär.
Ýa­po­ni­ýa­da ila­tyň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy üçin dür­li çä­re­ler hem ge­çi­ril­ýär. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ilat sa­ny­nyň azal­ma­gy ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň ýet­mez­çi­li­gi­ne ge­tir­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, bu ýurt­da zäh­met çek­ýän da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny­nyň hem art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bi­ler­men­ler 2070-nji ýy­la çen­li da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň ýur­duň ila­ty­nyň 10 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar.