Dünýäniň ykdysady taýdan iň kuwwatly ýurtlarynyň biri bolan Hytaýda arassa energiýa pudagynda uly ösüş hasaba alyndy. Ýurt arassa çeşmelerden energiýa öndürýän beketleriň gurluşygynda, şeýle hem Gün panelleriniň önümçiliginde we eksportynda hem dünýäde öňdeligi eýeleýär. Ýurduň iýun aýynyň ahyryndaky ýagdaýyna görä, arassa energiýa önümçilik kuwwaty 1320 gigawata ýetdi. Şeýlelikde, ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň 49 göterimi arassa çeşmelerden alyndy. Ýylyň birinji ýarymynda ýurduň arassa energiýanyň önümçilik kuwwaty geçen ýylyň degişli döwründäkiden 18,2 göterim artypdyr.
Ýurtda ýylyň birinji ýarymynda ýel energiýasynyň önümçilik kuwwaty hem 13,7 göterim ösüp, 390 gigawata, Gün energiýa beketleriniň önümçilik kuwwaty 39,8 göterim artyp, 470 gigawata ýetdi.
Mundan başga-da, ýurduň elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwaty ýylyň birinji ýarymynda 10,8 göterim ýokarlanyp, 2710 gigawat bolupdyr. Ýylyň birinji ýarymynda hytaý energiýa kompaniýalary Gün energiýasy üçin maýa goýumyny 113,6 göterim artdyryp, 134,9 milliard ýuan (18,88 milliard dollar) bolupdyr.