13 – 25-nji iýul ara­ly­gyn­da Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sýu­rih şä­he­rin­de 55-nji Hal­ka­ra hi­mi­ýa olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. Ol mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­riň ara­syn­da iň gör­nük­li­le­ri­niň bi­ri­dir. Her ýyl oňa uly is­leg bil­di­ril­ýär. Şu ge­zek­ki bäs­le­şi­ge dün­ýä­niň 89 döw­le­tin­den ýaş­la­ryň 348-si, şol san­da ýur­du­my­zyň ze­hin­li mek­dep okuw­çy­la­ryn­dan hem saý­la­nan to­par gat­naş­dy. Bu ba­ra­da “Türk­me­nis­tan” ga­ze­tin­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Türk­men to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de çy­kyş eden Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 11-nji synp okuw­çy­la­ry Yh­las Ju­ma­ýew kü­müş, Ýa­kup An­nao­ra­zow, Beg­za­da An­na­ýew hem-de 10-njy synp okuw­çy­sy Aý­gül Ata­ja­no­wa bü­rünç me­dal­la­ry ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar.
To­pa­ra ýol­baş­çy­lyk eden ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň hi­mi­ýa mu­gal­ly­my Na­zar Mäm­me­dow öz ýü­rek buý­san­jy­ny şeý­le be­ýan et­di:
—Ýur­du­myz­da gel­je­gi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ze­hin­li ýaş­la­ry­myz öz­le­ri ba­ra­da edil­ýän ala­da­la­ra jo­gap edip, okuw­la­ry­ny has go­wy okap, do­ly öz­leş­dir­ýär­ler, mu­ny hal­ka­ra olim­pia­da­lar­da, ders we tas­la­ma bäs­le­şik­le­rin­de ga­zan­ýan ýe­ňiş­le­ri bi­len su­but ed­ýär­ler. 55-nji Hal­ka­ra hi­mi­ýa bäs­le­şi­gi­ne hem okuw­çy­la­ry­myz yh­las­ly taý­ýar­lan­dy­lar.