Meşhur rus şahyry Aleksandr Puşkiniň özi dirikä çap edilen “Ýewgeniý Onegin” atly goşgy bilen ýazylan romanynyň ilkinji neşiri auksionda 26 million rubla satyldy. Bu barada “news.ru” web saýty habar berýär. Şeýlelikde, ol nusgawy rus şahyrlarynyň dirikä neşir edilen kitaplarynyň hatarynda iň gymmat bahalysy boldy.
21-nji iýulda “Ýewgeniý Onegin” romanynyň juda seýrek duş gelýän ilkinji neşiri hem-de Aleksandr Puşkiniň ilkinji poemalar ýygyndysy satuwa çykaryldy. Şol döwre mahsus bolan usulda çap edilen kitabyň başlangyç bahasy 12 million rubl diýlip nyrh kesildi. Bäsleşikli söwdanyň ahyrynda kitap bellenen nyrhyndan iki esseden hem gowrak bahadan satyn alyndy.