Ýew­ro­pa Kos­mos Be­ke­di­niň “Euclid” kos­mos te­les­ko­py­nyň dü­şü­ren il­kin­ji su­rat­la­ry Ýe­re ibe­ril­di. Şeý­le hem te­les­ko­pyň ka­da­ly ýag­daý­da iş­le­ýän­di­gi hem aç­dyl­dy. Bu kos­mos en­ja­my­nyň kos­mo­syň has uzak­da­ky ji­sim­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat top­la­mak mak­sa­dy bi­len iş­le­nip dü­zü­len­di­gi mä­lim edil­di. “Euclid” ar­ka­ly 10 mil­liard ýag­ty­lyk ýy­ly uzak­lyk­da­ky mil­liard­lar­ça ga­lak­ti­ka ba­ra­da mag­lu­mat top­lap, kos­mos gi­ňiş­li­gi­niň ýer­le­ri­niň kar­ta­sy çy­ka­ry­lar.
1-nji iýul­da uçu­ry­lan kos­mos te­les­ko­py 28-nji iýul­da “Jeýms Web” te­les­ko­py­nyň he­re­ket ed­ýän gu­şak­ly­gy­na ba­ryp ýet­di. Hä­zir­ki wagt­da te­les­kop Ýer­den 1,6 mil­li­on ki­lo­metr uzak­lyk­da bel­le­nen or­bi­ta­da he­re­ket ed­ýär. Gel­jek bir­nä­çe aýyň do­wa­myn­da ast­ro­nom­lar kos­mos en­ja­my­ny dür­li sy­nag­lar­dan ge­çi­rip, saz­la­ma­la­ry­ny ama­la aşy­rar­lar.